Baş sahypa / Habarlar
img
29 iýul 2026
55

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

2026-njy ýylyň 28-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Bassony kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallygyny beýan edip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine çykýandygyny belledi hem-de Aşgabadyň gözel binagärlik keşbiniň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmelerine ýokary baha berip, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz iri maliýe düzüminiň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, onuň saparynyň dowamynda birnäçe duşuşyklaryň geçiriljekdigini hem-de bu duşuşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjekdigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan daşary syýasat işinde abraýly halkara guramalar, hususan-da, maliýe we bank ulgamynda işleýän guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş we ykdysady ösüş strategiýasy amala aşyrylýar. Bu strategiýanyň möhüm wezipesi diňe bir häzirki döwrüň meselelerini çözmek bilen çäklenmän, eýsem, uzak möhletleýin durnukly ösüşi üpjün etmekden hem ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyz bu maksatlary durmuşa geçirmek üçin Diýarymyzda eksport ugurly, daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öndürmek, telekeçiligi goldamak, diwersifikasiýa, döwrebaplaşdyrmak, ykdysadyýetiň wajyp ulgamlaryna maýa goýumlary çekmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň agzasy bolup durýandygyny, bu bank bilen söwda-ykdysady, maliýe-bank ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny aýdyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde energetika, ulag, sanly ykdysadyýet, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlary görkezdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ulag-logistika ulgamyna ünsi çekip, Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň ulagyň dürli görnüşleriniň arabaglanyşygyny emele getirmekde berk esas bolup durýandygyny belledi hem-de köpugurly we sebit ähmiýetli Demirgazyk—Günorta, Gündogar—Günbatar halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça möhüm işleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy.

Ýurdumyz energetika ulgamynda hem hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Arassa, daşky gurşawa zyýansyz “ýaşyl” energetika boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalara ýa-da täze başlangyçlara Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň gatnaşmagy üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmagyň möhüm wezipeler bolup durýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň agzalan bank bilen bu ugurda-da hyzmatdaşlygy ilerletmäge taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz myhmanyň ýurdumyza saparynyň dowamynda Türkmenistanyň bank, maliýe, energetika, daşky gurşawy goramak, suw baýlyklaryny netijeli peýdalanmak, ulag-logistika ugurlary boýunça birnäçe gepleşikleriň geçiriljekdigini aýdyp, bu gepleşikleriň ýurdumyz bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga itergi berjekdigine, ony hil taýdan täze derejelere çykarjakdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň geljekde hem bu iri halkara maliýe guramasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Basso ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.