Baş sahypa / Habarlar
img
21 awgust 2026
79

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrini kabul etdi

2026-njy ýylyň 20-nji awgustynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi.

Sirojiddin Muhriddin mümkinçilikden peýdalanyp, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Şeýle-de Sirojiddin Muhriddin Türkmenistan bilen özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň Täjigistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Daşary işler ministrine hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky nobatdaky geňeşmeleriň üstünlikli geçirilmegini arzuw edip, bu duşuşyklaryň türkmen-täjik strategik hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny giňeltmäge hem-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn formatlaryň çäklerinde hem hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýärler. Birleşen Milletler Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň, «Merkezi Aziýa +» formatynyň çäklerinde ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlaryň özara goldanylmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýyl Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Bellenilişi ýaly, iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Şunda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara topary aýratyn orny eýeleýär. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny aýdyp, energetika, ulag we oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyna ünsi çekdi.

Medeni-ynsanperwer ulgam hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda, bu gatnaşyklaryň geljekde hem özara medeni çäreleri guramak arkaly işjeň ösdüriljekdigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin dostlukly gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.