Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
11 sentýabr 2026
101

Türkmenistanyň BMG bilen geljekki hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamy bilen hyzmatdaşlygynyň esasy meselelerine garadylar hem-de bilelikdäki maksatnamalaryň we başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berdiler.

Şeýle hem duşuşykda bilelikdäki işiň geljekki ugurlary kesgitlenildi we sebit hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Öňde boljak ýokary derejeli çäreleri taýýarlamak we geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.