2018-nji ýylyň 9-njy fewralynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar merkeziniň binasynda Türkmenistanyň Täjigistandaky Ilçihanasy bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň, Ylymlar Akademiýasynyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar merkeziniň ýardam bermeklerinde Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25-ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistan-Täjigistan Respublikasy: 25 ýylyň dostlugy we hyzmatdaşlygy” atly ylmy-amaly maslahat geçirdi.
Bu çärä Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Hüseýnzoda, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar merkeziniň direktory H.Holiknazar, Ylymlar Akademiýasynyň wise-prezidenti I.Muminow, Täjigistandaky Türkmenleriň jemgyýetiniň baştutany D.Kullakow, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Täjigistandaky şahamçasynyň ýolbaşçysy T.Mardoni dagylar gatnaşdylar we çykyş etdiler. Bulardan başga-da maslahata köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Täjigistanda ýaşaýan türkmenler we Duşenbäniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Maslahatyň başynda taraplar bu şanly sene bilen birek-biregi gutlap, iki dostlukly döwletiň halklaryna gülläp ösüşi arzuw etdiler we Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlary bilen ýygnananlary tanyşdyrdylar.
Özara bähbitli türkmen-täjik gatnaşyklarynyň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ruhunda işjeňleşdirilmegine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasyndaky dostlukly we ynamdar gatnaşyklary uly ýardam edýär. Iki doganlyk ýurduň Liderleriniň wagtly-wagtynda amala aşyrýan özara resmi saparlary taraplaryň umumy ösüşiň hatyrasyna doly derejeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny aýdyň görkezýär.
Maslahata gatnaşyjylara 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyrynyň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijileriniň düýbüniň tutulmagy, şeýle hem Serhetabat-Turgundy täze demir ýolunyň açylmagy mynasybetli geçiriljek dabaralar barada gürrüň berildi.
Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda taraplar birek-biregi şanly sene mynasybetli ýene-de bir gezek gutlap, Türkmenistanyň we Täjigistanyň doganlyk halklarynyň arasyndaky döwletara dialogyny we hemme ulgamlarda özaragatnaşyklaryny deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we deňbähbitlilik esasynda giňeltmeklige gyzyklanmalaryny bildirdiler.
Çäre tamamlanandan soň, gatnaşyjylara Ilçihana tarapyndan çaý we milli tagamlar hödür edildi.