Baş sahypa / Habarlar
img
24 sentýabr 2026
57

Türkmenistan 2027–2028-nji ýyllarda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň toparyna başlyklyk eder

2026-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň her ýylky 25-nji duşuşygynda Türkmenistanyň 2027–2028-nji ýyllar üçin Toparyň Başlygy wezipesine hödürlenen dalaşgärliginiň makullanylmagy mübäreklenildi.

Türkmen tarapy Hereketleriň Awaza maksatnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ähmiýetini nygtap, esasy ünsi durnukly ulagyň ösdürilmegine, özara baglanyşygy pugtalandyrmaga hem-de maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirdi. Geljekki Başlyk hökmünde Türkmenistan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň agza döwletleri we BMG-niň iň az ösen ýurtlar, ösüp barýan ýurtlar we ösüp barýan kiçi ada döwletleri boýunça Ýokary wekiliniň müdirligi (UN-OHRLLS) bilen geçiriljek geňeşmeleriň esasynda ýol kartasyny taýýarlamagy meýilleşdirýär.