Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
img
img
07 oktýabr 2026
100

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi

2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlise Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem GDA-nyň Baş sekretary gatnaşdy.

Mejlisiň dowamynda halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri, şeýle hem GDA-nyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşyldy.

Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, daşary syýasy utgaşdyrmany pugtalandyrmaga we özara hyzmatdaşlygyň mehanizmlerini kämilleşdirmäge aýratyn üns berildi.

Gatnaşyjylar Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmegi bilen baglylykda Arkalaşygyň işiniň möhüm meselelerine garadylar we guramanyň şu ýylky işiniň deslapky netijelerini jemlediler. 2026-njy ýylda bellenilýän GDA-nyň 35 ýyllygyna hem aýratyn üns berildi.

Mejlisiň çäklerinde medeni-ynsanperwer ulgamda, syýahatçylykda, bedenterbiýede we sportda, ýaşlar babatyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlise gatnaşyjylar konstruktiw dialogy dowam etdirmäge we GDA-nyň çäginde Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar.

***

Mejlisiň netijeleri boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekişlik dabarasy geçirildi.

Şol resminamalaryň hatarynda Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek hakynda Teswirnamalaýyn çözgüt, Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen GDA-da 2029-njy ýyly Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň Ulag arabaglanyşygy ýyly diýip yglan etmek hakynda Çözgüt, 2027-nji ýylda Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynda Hukuk sowatlylygy ýylyny geçirmek we oňa taýýarlyk görmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy hakynda Çözgüt, şeýle hem Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň çäklerinde daşary işler ministrlikleriniň arasynda köp derejeli syýasy geňeşmeleriň meýilnamasy baradaky Çözgüt bar.