Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
12 oktýabr 2026
74

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen Ýewropa Bilim gaznasynyň direktorynyň arasynda duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bilim gaznasynyň direktory Pilwi Torstiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Pilwi Torsti Türkmenistana DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 2026-njy ýylyň 13–14-nji oktýabrynda geçiriljek bäşinji mejlisine gatnaşmak üçin geldi.

Taraplar bilim we hünär taýýarlygy ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda hünär bilimi ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, amaly ugurly okuwy ösdürmek we zähmet bazarynyň talaplaryny nazara almak bilen ökde hünärmenleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berildi.

Ýaşlaryň başarnyklaryny ösdürmäge we Merkezi Aziýada hünär biliminiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen DARYA sebit maksatnamasynyň ähmiýeti bellenildi.

Şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň Global Gateway başlangyjynyň çäklerinde, şol sanda ulag arabaglanyşygyny ösdürmek we sebitara gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça konstruktiw dialogy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.