icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

02 mart 2018

1397

Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň önümleriniň ýöriteleşdirilen sergisi açyldy

2018-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň bi­na­syn­da Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň XIV ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gi­si açyl­dy. Şu ge­zek­ki fo­ru­ma gat­naş­mak üçin Aş­ga­ba­da EYR-nyň se­na­gat, mag­dan­lar we söw­da mi­nist­ri Mo­ham­mad Şa­riat­ma­da­ri­niň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýol­baş­çy­lar­dan we 60-dan gow­rak kom­pa­ni­ýa­la­ryň we­kil­le­rin­den yba­rat we­kil­çi­lik­li to­par gel­di.

 Ser­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na Hö­kü­met ag­za­la­ry, Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik dü­zü­miň, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri­niň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Dabaranyň başynda Pre­zi­den­t Gurbanguly Berdimuhamedowyň EYR-nyň ha­ryt ön­dü­ri­ji­le­ri­niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gi­si­ne hem-de bi­le­lik­dä­ki işe­wür­ler mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­la­ra ibe­ren Gut­la­gy­ okaldy.

EYR-nyň se­na­gat, mag­dan­lar we söw­da mi­nist­ri Mo­ham­mad Şa­riat­ma­da­ri ser­gä gat­na­şy­jy­la­ra hem-de myh­man­la­ra gut­lag söz­le­ri bi­len ýüz­le­nip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowa se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dur­nuk­ly­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na, iki ýur­duň halk­la­ry­nyň ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy­nyň hem-de dost­luk gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne goş­ýan şah­sy go­şan­dy üçin ho­şal­ly­gy­ny be­ýan et­di.

Ser­gi meý­dan­ça­la­ry­nyň giň bö­le­gi­ni gur­lu­şyk se­na­ga­tyn­da, ýy­la­dyş we so­wa­dyş ul­gam­la­ry üçin se­na­gat en­jam­la­ry­ny çy­kar­ýan önüm­çi­lik­de, guş­çu­lyk­da hem-de mal­dar­çy­lyk top­lum­la­ryn­da, azyk pu­da­gy we ýy­la­dyş­ha­na ho­ja­lyk­la­ry üçin en­jam­la­ry ön­dür­ýän iri kär­ha­na­la­ryň önüm­le­ri,  kö­pu­gur­ly elekt­rik be­ket­le­ri, gyz­dy­ry­jy­la­r, po­lat gur­na­ma­la­ry, ka­bel­ler hem-de elekt­rik ge­çi­ri­ji­ler,  plas­tik­den we po­li­mer­ler­den ýa­sa­lan önüm­ler, tur­ba, ka­fel hem-de ke­ra­mi­ka se­riş­de­le­ri, azyk we ýe­ňil se­na­gat ha­ryt­la­ry ­we beý­le­ki se­na­gat önümleri eýe­le­di.

EYR-nyň il­çi­ha­na­sy­nyň ýa­nyn­da­ky me­de­ni mer­kez, “Sa­de­rat-Eý­ran” ban­ky­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky we­kil­ha­na­sy hem ser­gi­de öz bö­lüm­le­ri­ni gu­ra­dy­lar, olar işe­wür to­par­la­ryň we­kil­le­ri­niň ara­syn­da ýa­kyn gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy üçin şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne go­şant goş­ýar­lar.

Ne­pis na­gyş­lar bi­len be­ze­len gap-gaç­la­ryň nus­ga­la­ry ser­gi­ni be­ze­di, bu­lar “mi­na­ka­ri” we “ha­tam­ka­ri” usu­lyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len el iş­le­ri­dir, ga­dy­my su­rat­keş­lik eser­le­ri hem-de ha­ly­lar, seý­rek ki­tap ne­şir­le­ri, ly­bas­lar we sow­gat­lyk­lar­dyr bu önüm­ler­de eý­ran hal­ky­nyň baý ta­ry­hy hem-de sun­ga­ty öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Üç gü­nüň do­wa­myn­da yk­dy­sa­dy göz­den ge­çi­ri­li­şe gel­ýän­le­re iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar we iş­läp taý­ýar­la­ma­lar bi­len has iç­gin ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik bo­lar.

2-nji mart­da türk­men-eý­ran işe­wür­ler mas­la­ha­ty ge­çi­ri­ler, onuň do­wa­myn­da iki ýur­duň işe­wür to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri gel­jek­de söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň me­se­le­le­ri­ni, mil­li ösüş me­ýil­na­ma­la­ry­ny hem-de se­bit hyz­mat­daş­ly­gy na­za­ra al­mak bi­len has amat­ly ugur­la­ry ara alyp mas­la­hat­la­şar­lar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi