2018-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus iş toparynyň çäklerinde söwda we maýa goýuma ýardam bermek boýunça Ýokary derejedäki toparynyň 5-nji mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen A.W.Gruzdewyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk boldy.
Duşuşygyň barşynda taraplar ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus iş toparynyň çäklerinde söwda we maýa goýuma ýardam bermek boýunça Ýokary derejedäki toparynyň 5-nji mejlisiniň jemlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar iki ýurdyň baştutanlarynyň 2017-nji ýyldaky duşuşyklarynyň barşynda ýetilen ylalaşyklary durmuşa geçirmekligiň zerurdygy barada belläp geçdiler.
Mundan başga-da taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşiniň, senagat, energetika, oba we balyk hojalygy, ylmy-tehniki pudaklarynda hyzmatdaşlygyň, şeýle hem ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus iş toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisini geçirmäge taýýarlyk görmegiň meselelerine seretdiler.