9-njy martda geçirilen Hökümetiň mejlisinde habar berilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletine hem-de Birleşen Arap Emirliklerine ýakyn wagtda meýilleşdirilen resmi saparlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Şunuň bilen baglylykda, Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz Kuweýt we BAE bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, ikitaraplaýyn ykdysady hem-de söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, maýa goýum işini we işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny nygtady.
Kuweýt Döwleti we Birleşen Arap Emirlikleri bilen uzak möhletleýin esasda hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ugurlaryny kesgitlemek babatda öňde boljak ýokary derejedäki gepleşikleriň wajypdygyny bellenildi. Saparlaryň her biriniň netijeleri boýunça resminamalaryň ençemesine gol çekmek meýilleşdirilýär.
Wise-premýere, daşary işler ministrine saparlara taýýarlyk görmek we olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça degişli tabşyryklar berildi.