2018-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy Ploýeşti şäheriniň Nebit we gaz uniwersiteti bilen bilelikde şol ýokary okuw mekdebiniň Senatlar zalynda Türkmenistanyň energetika we ulag diplomatiýasy boýunça tegelek stoly gurnady.
Tegelek stoluň işine Nebit we gaz uniwersitetiniň ýolbaşçy düzümi, professor-mugallymlar we talyplar, Prahowa welaýatynyň Söwda-senagat edarasynyň prezidenti, Ploýeşti şäheriniň häkimliginiň işgärleri, Energetika ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Rumyniýada işleýýän diplomatik korpusynyň işgärleri, Prahowa welaýatynyň işewür adamlary we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Tegelek stoluň mejlisinde çykyş eden Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi öz çykyşynda energetika we ulag ulgamlaryndaky Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara başlangyçlary we Türkmenistanyň halkara tagallalary bilen, şeýle hem bu ugurda ýurdumyz tarapyndan amala aşyrylýan iri infrastrukturalaýyn taslamalary bilen tanyşdyrdy.
Rumyn tarapyndan tegelek stolda çykyş edenler biziň ýurdumyzyň energetika we ulag ulgamlaryndaky amala aşyrýan halkara tagallalaryny goldaýandyklaryny we Türkmenistan bilen bu ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Tegelek stol tamamlanandan soň Ilçihana tarapyndan gatnaşyjylar üçin kabul edişlik gurnaldy.