2016-njy ýylyň 3-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti «С5+1» düzümdäki ministrler duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Waşingtonda iş sapary bilen boldy.
Ministrler duşuşygynyň dowamynda gatnaşyjylar sebitleýin howpsuzlyk, daşky gurşawy goramak, syýasy, ykdysady ulag we ynsanperwer ugurlary boýunça «С5+1» düzüminiň çäginde geljekde hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Günüň ikinji ýarymynda ABŞ-niň Söwda edarasynyň binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan «Merkezi Aziýada ösüşiň mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegi» atly işewür tegelek stoly geçirildi.
Waşingtona saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň ABŞ-niň Günorta we Merkezi Aziýanyň işleri boýunça Döwlet sekretarynyň kömekçisi Nişa Biswal, ABŞ-niň Döwlet departamentiniň energetika pudagyndaky halkara meseleleri boýunça ýörite wekili Amos Hohşteýn, ABŞ-niň Döwlet sekretarynyň orunbasary Entoni Blinken, «Türkmenistan - ABŞ» Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşyklary geçirildi.
Ýokarda agzalan duşuşyklaryň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýän dürli pudaklarda gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.