2018-nji ýylyň 5-6-njy aprelinde Baku şäherinde Goşulyşmazlyk Hereketiniň: «Durnukly ösüşiň hatyrasyna halkara parahatçylygy we howpsuzlygy höweslendirmek» atly aralyk ministrleriň derejesindäki maslahat geçirildi. 2018-nji ýylyň 3-4-nji aprelinde Goşulyşmazlyk Hereketiniň ministrleriniň maslahatyna taýýarlyk görmek maksady bilen ýokary wezipeli şahslaryň derejesinde mejlis geçirildi.
Ministrleriň maslahatyna Goşulyşmazlyk hereketiniň agzasy bolup durýan, şeýle hem bu guramada synçy statusy bolan 120 döwletiň we halkara guramalaryň ençemesiniň wekilleri, ýörite myhman hökmünde çagyrylan ýurtlaryň we guramalaryň wekilleri, umuman 800-den gowrak adam gatnaşdy.
Baku şäherine gelen Türkmenistanyň wekiliýeti Goşulyşmazlyk Hereketiniň ýokary wezipeli şahslaryň mejlisine we ministrleriň maslahatyna işjeň gatnaşdy.
Goşulyşmazlyk Hereketiniň ministrleriniň maslahatynyň ahyrynda Jemleýji jarnama kabul edildi. Bu jarnamanyň «Owganystan» bölüminde ulag we energetika ugurlarynda iri infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi babatda Türkmenistanyň başlangyçlary beýan edilipdir. Hususan hem Goşulyşmazlyk Hereketiniň ministrleriniň maslahatyna gatnaşyjylar bu başlangyçlaryň, şol sanda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe «Lapis-Lazuli» ulag-tranzit geçelgesiniň, Türkmenistan-Akina (Owganystan) ulag ugrunyň we demirýolunyň böleginiň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginde yzygiderli ösüşi makulladylar.
Halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde wajyp orun eýeleýän Goşulyşmazlyk Hereketine 120 agza döwlet gatnaşýar. Goşulyşmazlyk Hereketiniň ýanynda synçy derejesine 17 ýurt we 10 halkara guramasy eýe bolup durýar.