2018-nji ýylyň 9-njy aprelinde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Syýasy geňeşmelere gatnaşmak üçin Özbegistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Abdujabar Abduwahitowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Türkmenistanyň paýtagtynda boldy.
Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna garaldy we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň öňdebaryjy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik bölegi barada aýdylanda, taraplar ýokary derejeli saparlaryň wajyp ornuny bellediler. Şu jähtden taraplar birek-birege hormat goýmak ýörelgesine esaslanan, köptaraplaýyn türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň girewi bolan iki döwletiň Prezidentleriniň arasyndaky ynamly gatnaşyklaryny belläp geçdiler.
Mundan başga-da, söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň meselelerine seredildi. Taraplar bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin iki ýurduň ýeterlik kuwwatynyň bardygyny belläp geçdiler. Ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň hatarynda ulag we maşyngurluşyk, oba we suw hojalygy, elektroenergetika, nebit we gaz pudaklary bellenildi.
Sebitde howpsuzlygy, parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmegiň wajyp meseleleri barada aýdylanda, taraplar halkara terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmekde, şeýle hem Owganystany dikeltmekde bilelikde hereket etmekde hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ýokary derejesine ünsi çekip, taraplar bilelikdäki medeni çäreleri geçirmek arkaly iki ýurduň sebitleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalaryny bildirdiler.