icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

24 aprel 2018

1284

Daşkentde Türkmenistanyň Milli sergisi öz işine başlady

2018-nji ýylyň 23-nji aprelinde Daşkent şäherinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparyna gabatlanyp guralan Türkmenistanyň Milli sergisi öz işine başlady.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen “Uzeksposentr” Milli sergi kompaniýasynyň bilelikde guran bu serginiň baş maksady dostlukly ýurtlaryň işewürler toparlarynyň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy we giňeldilmegi bolup durýar. Sergi ýurdumyzyň ykdysadyýetini, onuň maýa goýum we eksport kuwwatyny ösdürmekde ýeten sepgitlerini we mümkinçiliklerini açyp görkezmäge ýardam berer.

Serginiň açylyş dabarasyna ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň, iri kärhanalaryň hem kompaniýalaryň ýolbaşçylarydyr esasy hünärmenleri, Türkmenistanyň we Özbegistanyň telekeçilik düzümleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Energetika we senagat, nebit we gaz, nebithimiýa, gurluşyk senagaty, ulag we logistika, aragatnaşyk we telekommunikasiýalar, oba hojalygy, himiýa, dokma we azyk pudaklary, haly dokamak, lukmançylyk we derman senagaty, ylym we bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk ýaly ähli ulgamlarda gazanylan belent sepgitler owadan bezegli diwarlyklarda, maglumat serişdelerinde — neşir toplumlarynda, kitapçalarda we žurnallarda öz beýanyny tapdy.

Hususy telekeçiligiň wekilleri döwletimiziň durnukly ösüşine goşýan goşantlaryny yzygiderli artdyrmak bilen, halk hojalygy toplumynyň dürli önümçilik ulgamlarynda barha öňdäki orunlary eýeleýärler. Ýurdumyzyň telekeçileri oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek we azyk senagaty, dokma we mebel önümçiligi, durmuş himiýasy, çaphana işi, häzirki zaman ýaşaýyş jaýlaryny we senagat desgalaryny gurmak ýaly dürli ulgamlarda ýöriteleşýärler.

Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti bu ýere gelýänleri Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamynyň örän giň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar. Bu ýerde Hazaryň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleri we tebigy goraghanalary bilen tanyşdyrýan syýahatçylyk ugurlary barada doly maglumat alyp bolýar.

Türkmenistanyň Milli sergisi Özbegistanyň döwlet düzümleriniň we işewürler toparlarynyň wekilleriniň uly gyzyklanmasyna eýe bolup, ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň giň mümkinçiliklerini görkezmek, olaryň önümlerini daşary ýurt bazarlarynda ýerlemek üçin netijeli meýdança bolup durýandygyny nobatdaky gezek tassyklady.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi