2018-nji ýylyň 27-nji aprelinde Kiýew şäheriniň Milli ulag uniwersitetinde Türkmenistanyň Ukraindaky Ilçihanasy tarapyndan “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda Halkara ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygyny ösdürmekde Türkmenistanyň orny” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahata Ukrainada akkreditirlenen diplomatik korpusyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, Ýokary Radanyň deputatlary, Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, uly döwlet we hususy ulag edaralarynyň, Ukrainanyň ýokary okuw jaýlarynyň rektorlary we mugallymlary, ulag pudagynyň geljekgi hünärmenleri bolan türkmen we ukrain talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň maksady Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri, döwletleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmediň çygrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda döwletiň infrastruktura syýasaty we ýeten sepgitleri bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.
Milli ulag uniwersitetiniň rektory professor N.Dmitriçenko bu ýere ýygnananlary giň gerimli maslahatyň başlanmagy bilen gutlap, gatnaşyjylar üçin onuň uly ähmiýetiniň bardygyny belläp geçdi.
Soňra Türkmenistanyň döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň rektory N.Kuliýew “Ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmäge gönükdirilen ulag strategiýasy” atly nutugy bilen çykyş etdi. Rektor halkara derejedäki maslahaty gurnamakda ýardamy we hyzmatdaşlygy üçin ukrain kärdeşlerine tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdi.
Maslahatyň baý mazmunly iş tertibiniň dowamynda gepleşige gatnaşyjylar ulag ulgamyny ösdürmek ugrunda döwletleriň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şu gününi we geljegini, ulag geçelgeleriniň ösüşini we täze logistiki çözgütleri gözlemegiň meselelerini, Beýik Ýüpek ýoly taslamasyny durmuşa geçirmek bilen baglylykda hünärmenleri taýýarlamagyň wajyplygyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen talyplary Türkmenistanyň taryhynda Beýik Ýüpek ýolynyň orny we ýurtda Beýik Ýüpek ýolyny ösdürmegiň täze tapgyry, şeýle hem Türkmenistanda ýolagçylary gatnatmak logistikasynyň mümkinçilikleri ýaly ähmiýetli temalarda maglumatlary taýýarladylar.
Halkara maslahatynyň ahyrynda bu ýere ýygnananlaryň ählisine esasy milli tagamy bolan türkmen palowy hödür edildi.