2018-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Aşgabada «Merkezi Aziýada BMG-niň Global Kontrterroristik strategiýasynyň toplumlaýyn durmuşa geçirilmegine tarap» atly ýokary derejeli mejlisine gatnaşmak üçin gelen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretarynyň orunbasary Wladimir Woronkow bilen duşuşdy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Merkezi Aziýada BMG-niň Global Kontrterroristik strategiýasynyň üçünji tapgyry ornaşdyrylmagy ugrunda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda Global Kontrterroristik strategiýasynyň beýleki iki tapgyrlary ara alnyp maslahatlaşyldy we olaryň üstünlikli ornaşdyrylandygy bellenildi.
Şeýle hem, taraplar terrorçylygyň, ekstremizmiň howplaryna garşy durmak işinde köptaraplaýyn tagallalary geljekde utgaşdyrmagyň hem-de dünýäde durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmeginiň wajyplygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy BMG-niň Global Kontrterroristik strategiýasynyň dolulygyna durmuşa geçirilmeginiň tarapdarydygyny we terrorçylyga garşy göreşmekde netijeli halkara gurallaryny döretmek boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny goldaýandygyny belledi.