2018-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Koreýanyň daşary ýurt dilleri uniwersitetinde Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi.
Çäräniň maksady – türkmen halkynyň ruhy mirayny wagyz etmek bolup durýar. Çärä bu ýokary okuw mekdebiniň GDA ýurtlary kafedrasynyň mugallymlary we magistrantlary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Seuldaky Ilçihanasynyň gatnaşyjylara görkezen wideo görnüşler koreýaly alymlary Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalaryň yzlaryny we umumyadamzat gymmatlyklar hazynayna saldamly goşant goşan türkmen halkynyň ýokary derejeli medeniýetini özünde saklaýan taryhy-medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşdyrdy.
Gatnaşyjylaryň dykgatyna häzirki zaman Türkmenistan barada we soňky ýyllarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlary we ýurtda amala aşyrylýan iri özgertmeler barada jikme-jik maglumat ýetirildi. Duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň arasynda bitarap Türkmen döwletiniň parahatçylyksöýüji daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlaryny hem-de global durnukly ösüşiň wajyp meselelerini bellemek bolar.