2018-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tähran ş.) j-p Oktawino Alimudin bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistanyň we Indoneziýa Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde tagallalary birleşdirmeklige meýillerini beýan etdiler we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri babatda pikirleri alyşdylar. Halkara guramalaryň çaginde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplar pagta senagaty, gaz we ulag pudaklarynda hyzmatdaşlygyň meselelerine garadylar.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Indoneziýanyň telekeçileriniň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri barada pikirleri alyşdylar. Taraplar nobatdaky syýasy geňeşmeleriniň çäginde iki ýurduň telekeçileriniň arasynda duşuşuyklary gurnamagyň zerurlygyny bellediler.
Şeýle hem, taraplar ynsanperwer ulgamynda, ýagny bilim ugrunda gatnaşyklary ösdürmekde gyzyklanmalaryny bildirdiler.