2016-njy ýylyň 15-nji noýabrynda Merkezi Aziýanyň 5 ýurdunyň, şol sanda Türkmenistanyň wekiliýeti Seul şäherine köptaraplaýyn düzümde hyzmatdaşlyk etmek meselelerine garamak maksady bilen “Koreýa Respublikasy-Merkezi Aziýa” 10-njy hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmaga geldiler.
15-nji noýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti beýleki ýurtlaryň wekiliýetleri bilen bilelikde Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Ýun Bönse tarapyndan kabul edildi.
Forumyň barşynda Koreýa Respublikasynyň we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň, ýagny Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleri köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini, şol sanda “Şu düzümde hyzmatdaşlygyň geljegi”, “Elektron hökümetini” ulanmagyň geljegi” we “Oba hojalygy ulgamynda hyzmatdaşlyk” ýaly mowzuklaýyn mejlisleriň çäklerinde ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň wekili öz çykyşynda “Forumyň üstünlikli işini ýöredişi köp babatda Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň arasynda ikitaraplaýyn ganaşyklarynyň işjeň ösüşi bilen şertlendirilendir”, diýip belledi.
“Koreýa Respublikasy-Merkezi Aziýa” 10-njy hyzmatdaşlyk forumynyň işiniň esasy netijesi – bu Forumyň Ustawynyň we Iş Meýilnamasynyň kabul edilmegi bolup durýar.