2018-nji ýylyň 25-nji maýynda Buharestde Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň degişli bölümleriniň baştutanlarynyň derejesinde sebitleýin meseleleri boýunça, hususan hem Ýewropa Bileleşigine we Ýakyn Gündogara degişli ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi.
Ikitaraplaýyn geňeşmeleriň dowamynda iki döwletiň wekiliýetleri geljekde Rumyniýanyň Ýewropa Bileleşiginde 2019-njy ýylda başlyklyk etmegi bilen baglylykda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-hem taraplar Ýakyn Gündogar sebitinde bolup geçýän wakalar barada pikir alyşdylar.
Bundan başga-da türkmen tarapy Türkmenistanyň Prezidentiniň Owganystan bilen bagly halkara başlangyçlary we biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan iri möçberli infrastruktura taslamalary bilen rumyn tarapyny tanyşdyrdy.
Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Dan Nekulaýesku tarapyndan kabul edildi.