2016-njy ýylyň 21-22-nji noýabrynda Rigada iki döwletiň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda ykdysady, senagat, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-latwiýa toparynyň 3-nji maslahaty geçirildi.
Maslahatyň dowamynda taraplar 2014-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilen toparyň ikinji maslahatynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylyşyny seljerdiler.
Maslahatda taraplara iki döwletiň ykdysady kuwwaty baradaky maglumat hödürlendi. Şeýle hem, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdyşlagyň giň gerimi, şol sanda hem, gurluşyk, ulag, maglumat tehnologiýalary we kommunikasiýa, oba-hojalygy, saglygy goraýyş we ylym pudagy boýunça hyzmatdaşlyk barada ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar iki döwletiň söwda-senagat edarasy we telekeçilik toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi barada öz pikirlerini beýan etdiler.
Maslahatyň ahyrynda ykdysady, senagat, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-latwiýa toparynyň jemleýji Teswirnamasyna gol çekildi.