2018-nji ýylyň 19-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň Halifa Bin Zaýed Al-Nahaýan adyndaky gaznasynyň ynsanperwer işleri boýunça Baş direktory Muhammed Haaji
Al-Huriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda emele gelen hyzmatdaşlygyň oňyn derejesine kanagatlanma bilen baha berdiler we geljekde hem özara hereketleriň işjeňleşdirilmegini belläp geçdiler. Iki ýurduň arasynda döwletara gatnaşyklarynyň syýasy, söwda-ykdysady ýaly möhüm ugurlary bilen bir hatarda ylym-bilim we sport ugurlaryndaky gatnaşyklaryň hem has ösdürilmegi bellenilip geçildi.
Öz gezeginde BAE-niň wekiliýeti Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk syýasatyna we durnukly energetika, howpsuzlyga, üstaşyr geçirmeklige we ulag ulgamyna degişli halkara başlangyçlaryna özleriniň doly goldawyny aýan etdi.
Duşuşyga gatnaşyjylaryň aýtmaklaryna görä, iki ýurduň Liderleriniň alyp barýan syýsatynyň netijesinde Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan birek-birege bolan ynamyň ýokary derejesi bilen häsiýetlendirilýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna kanagatlanma bildirip, taraplar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň möhümdigini bellediler.