2016-njy ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Aýalew GobeziýeWorkneh bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, Türkmenistanyň we Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýän ugurlaryň giň sanawy boýunça ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Afrika döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň ornuny belläp, türkmen tarapy Afrika bileleşigi bilen gatnaşyklaryň ösüşine ygrarlydygyny bellediler. Syýasy-diplomatik özära baglanyşygyny işjeňleşdirmegiň meselelerine garap, taraplar bilelikdäki syýasy geňeşmeleri geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň meseleleri boýunça pikirler alyşyldy. Şeýle hem gatnaşyklarynyň medeni-ynsanperwer düzüjisini çuňlaşdyrmak üçin bilelikdäki çäreleri geçirmegiň ähmiýeti barada aýdyldy.
Duşuşygyň barşynda Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarda giňeldilmeginiň möhümdigini belläp, Ilçi öz ýurdunyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili hökmünde iki döwletiň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary we oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin tagallalary etjekdigine ynandyrdy.