2018-nji ýylyň 9-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Söwda-senagat edarasynyň Baş sekretary Adem Kula bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda YHG-SSE-ň ýolbaşçysy türkmen tarapyna myhmansöýer garşylamalaryna minnetdarlygyny aýtdy we amala aşyrylýan hyzmatdaşlyk üçin hoşallygyny bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlagyň ileri tutulýan ugurlary hakynda pikirileri alyşdylar, olaryň hatarynda söwda-senagat ulgamynda edilýän işleri belläp geçdiler. Şeýle hem, YHG-SSE-ň Baş sekretary Türkmen tarapyndan amyla aşyrylýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisi ýaly taslamalar boýunça Stambul şäherinde brifing geçirmek barada teklibini aýtdy. Myhman, beýle çäräniň geçirilmegi bilen YHG-ň başga gatnaşyjy döwletleriniň ünsüni çekip boljakdygyny belledi.
Duşuşygyň soňunda, türkmen tarapy berlen tekliplere serediljekdigini we pursatdan peýdalanyp YHG-SSE-na Türkmenistany dünýä tanatmakda amala aşyrýan işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.