2018-nji ýylyň 23-24-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow Türkmenistana döwlet sapar bilen geldi. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Liderleriniň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklary boldy.
Gepleşikleriň çäginde iki ýurduň ýolbaşçylary türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de halkara we sebit gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Taraplaryň aýratyn ünsi Türkmenistanyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň syýasy-diplomatik, ulag, energetika, söwda-senagat we medeni-ynsanperwerlik hyzmatdaşlygynyň meselelerine berildi.
Gepleşikleriň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk, dostlugy we ynanyşmagy pugtalandyrmak hakynda Jarnamasyna gol çekdiler.
Şeýle hem şu aşakdaky resminamalara gol çekildi: Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ýörelgeleri barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Gyrgyz senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Girdeji üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak we salgytlary tölemekden boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyk; Söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk; Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary ýok etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Film öndürmek we teleradiogepleşikler babatda bilelikde hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Aşgabat we Bişkek şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada Ylalaşyk; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2019–2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Döwlet hasaba alyş gullugynyň ýanyndaky Arhiw agentliginiň arasynda 2018–2020-nji ýyllarda arhiw işi boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama; 2015-nji ýylyň 5-nji awgustynda Bişkek şäherinde gol çekilen «Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrligi (TOSHM) bilen Gyrgyz Respublikasynyň Oba hojalyk, azyk senagaty we meliorasiýa ministrliginiň (GROHASMM) arasynda oba hojalygy babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň» çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy.
Günüň ikinji ýarymynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Gypjaga ugrady, şol ýerde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralap, kümmete gül desselerini goýdy hem-de Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine baryp gördi. Soňra Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy we Garaşsyzlyk binasynyň hormatly myhmanlar seýilgähinde ýaş agaç nahalyny oturtdy.
Gyrgyz döwletiniň baştutany Olimpiýa şäherjigine we Aşgabat dokma toplumyna baryp gördi.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowiň Türkmenistana sapary dowam edýär.