2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Garabogaz şäherinde, Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze senagat binasy bolan “Garabogazkarbamid” zawodynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Döwletimiziň himiýa pudagynyň önümçilik infrastrukturasyny baýlaşdyran bu kärhanany ulanylyşa girizmek dabarasyna ýurduň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de daşary ýurtly işewür düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Döwlet baştutany dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär we binanyň içine girip ýygnananlaryň öňünde çykyş edýär.
Sebitde iň iri taslamanyň biri bolan bu toplum daşary ýurt hyzmatdaşlary bolan Ýaponiýanyň “Mitsubishi Corporation” we Türkiýäniň “Gap Inşaat” kompaniýalarydyr. Kärhana dünýä ülňülerine gabat gelýän iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilendir.
Şeýlelikde, Daniýanyň «Haldor Topse AS» kompaniýasynyň tilsimatlary bir gije-gündizde 2 müň tonna, bir ýylda bolsa 660 müň tonna ammiagy öndürmäge mümkinçilik berýär. Ammiak konsentrirlenen gaty azot döküni bolan karbamidi öndürmek üçin esasy çig mal bolup hyzmat edýär. Bu toplumda bir gije-gündizde 3 müň 500 tonna, bi ýylda bolsa 1 million 155 müň tonna karbamid döküni öndüriler we ol dökün deňiz ýollary arkaly eksport edilmegi meýilleşdirilýär.
Şu maksatlar üçin karbamidi daşary ýurtlara ibermek üçin möhüm nokat bolan Garabogaz şäheriniň deňiz porty dolulygyna täzeden abadanlaşdyryldy. Karbamid kärhanasynyň özüniň doly önümçilik kuwwatyna çykmagy ýurdumyzdaky karbamid dökünleriniň önüminiň möçberini 2 million tonnadan hem artdyrar.
Taslamanyň çäklerinde toplumyň işgärleri üçin 40 maşgala niýetlenen 10 sany ýokary amatlyklary bolan iki gat jaýlar guruldy. Kärhanada 1000 golaý täze iş ýerleri döredildi.
“Garabogazkarbamid” kärhanasynyň öndürjek önüminiň aglaba uly bölegini eýýäm şu günki gün himiýa senagatynyň bu görnüşini almaga uly gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly sarp edijilere ibermek meýilleşdirilýär.