2018-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabatda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy.
Serginiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, milli parlamentiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzyň işewürler toparlarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň innowasion ösüşi, senagatyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň, eksport ugurly daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň giňeldilmegi bu gezekki serginiň özenini düzdi.
Energetika hem-de senagat, nebit we gaz, nebithimiýa, gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleri, ulag we aragatnaşyk, dokma önümçiligi we halyçylyk, himiýa pudagy, oba hem-de suw hojalygy, obasenagat toplumy, lukmançylyk, bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk, çaphana, tebigaty goramak hem-de gök guşak syýasatynyň netijeleri ýaly ähli ulgamlardaky ösüş depginleri wideoroliklerde, önümleriň kiçeldilen nusgalarynda, çaphana önümlerinde — kitaplarda, žurnallarda öz beýanyny tapdy.
Gözden geçirilişde ýokary tehnologiýaly enjamlar, häzirki zaman gurluşyk we timarlaýyş serişdeleri, kompýuter we kommunikasiýa mümkinçilikleri, azyk senagatynda ýetilen sepgitler, ekologiýa meseleleriniň çözgüdini tapmakda üstünlikler, sport we syýahatçylyk ulgamynyň ösüşi, ýurdumyzyň ylmy, işgärler, medeni mümkinçilikleri görkezilýär.
Sergide ýurdumyzyň telekeçileri we haryt öndürijileri öz mümkinçiliklerini görkezýärler. Olar dürli ulgamlarda — oba hojalygynda we azyk senagatynda, ýaşaýyş jaýlarynyň, häzirki zaman senagat desgalarynyň hem-de gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginde ýöriteleşýärler.
Sergi 20-nji sentýabrda öz işini tamamlar.
Şeýle hem Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi, oňa ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň esasy hünärmenleri, alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we paýtagtymyzyň talyplary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda hasabatlar we ylmy habarlar diňlenildi hem-de ara alnyp maslahatlaşyldy, olarda halkara ykdysady gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryna, bazar gatnaşyklaryna, bank işiniň ösdürilmegine, önümçilige innowasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, durmuş syýasatyna we beýlekilere degişli möhüm meseleler öz beýanyny tapdy.