icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

01 oktýabr 2018

1388

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda “Durnukly ösüş maksatlarynyň günleriniň” açylyş dabarasy geçirildi

2018-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanda “Durnukly ösüş maksatlarynyň günleriniň” açylyş dabarasy geçirildi.

Dabara Türkmenistanda ýerleşýän halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary we talyplary, hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaranyň barşynda Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory B.Zahyrow, BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň ÖM-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Ýe.Panowa çykyş etdiler.

Çykyş edenler Türkmenistanyň 2015-nji ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýorkda geçirilen BMG-niň Bütindünýä sammitiniň netijeleri boýunça kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmeklige işjeň gatnaşýandygyny bellediler. Hususan hem Türkmenistan ilkinjileriň hatarynda Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-ni we ondan gelip çykýan olaryň amaly taýdan durmuşa geçirmek babatda 148 wezipeleri, şeýle hem 194 görkezijilerini resmi taýdan kabul edendigi babatda aýtdylar.

Çäräniň dowamynda Durnukly ösüşiň wezipeleri boýunça ylmy-metodiki merkeziň işiniň netijeleri, şeýle hem Türkmenistanda “Durnukly ösüş maksatlarynyň günleri” boýunça görkezme çykyşlar boldy.

2018-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanda “Durnukly ösüş maksatlarynyň günleriniň” bir aýlygynyň ýapylyşy bolar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi