icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

09 ýanwar 2017

1113

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşyk

2017-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, hem-de bu guramanyň Ösüş Maksatnamasynyň we Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili wezipesine täze bellenilen h-m Ýelena Panowa bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmen tarapy h-m Panowany Türkmenistanda işe başlamagy bilen gutlap, bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek bolup durýandygyny belledi. Şu jähtden, taraplar ýurduň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategiki hyzmatdaşlygynyň ornuny nygtadylar. Soňra howpsuzlyk, ösüş we gumanitar ölçegleri ugurlarynda hyzmatdalygy dowam etmek boýunça pikir alyşmalar boldy. Özara bähbitli we ynamly gatnaşyklar barada aýtmak bilen, iki tarapyň wekilleri yzygiderli esasda amala aşyrylýan işjeň we köpderejeli gepleşikleri hoşallyk bilen bellediler.

Duşuşygyň çäklerinde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy h-m Panowa öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Geljekde hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny belläp, hanym Panowa BMG-niň Türkmenistandaky ygtyýarly wekili hökmünde Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge zerur tagallalaryny amala aşyrjakdygyna ynandyrdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi