21 ýanwar 2017
5370
Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň Adatdan daşary duşuşygy
2017-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Malaýziýanyň başlangyjy bilen Kuala-Lumpur şäherinde “Mýanmadaky Rohinýaly musulman azlyklarynyň ýagdaýy boýunça Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň adatdan daşary duşuşygy” geçirildi.
Bu maslahata YHG-nyň agza ýurtlarynyň 57-dеn wekiller gatnaşdy. Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň adatdan daşary duşuşygyna Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.
Malaýziýa iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Malaýziýanyň Daşary işler ministri jenap Anifah Aman bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meselelerini we halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Başga habarlar
21
Aug
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrini kabul etdi
20
Aug
Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler
18
Aug
Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherindäki täze bellenen Baş konsuly bilen duşuşyk geçirildi
17
Aug
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
17
Aug
Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda ileri tutýan ugurlary
Ähli habarlary görmek