2017-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Kiýew şäherinde ýerleşýän M.P.Dragomanow adyndaky Milli pedagogiki uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdi.
M.P.Dragomanow adyndaky Milli pedagogiki uniwersitetiniň Türkmenistanyň hem-de Ukrainanyň döwlet baýdaklary bilen bezelen mejlisler zalynda sergi tekjeleri gurnaldy we olarda kitabyň üç dildäki neşirleri görkezildi. Tanyşdyryş dabarasyna türkmen talyplary we pedagogiki uniwersitetiň professor-mugallymlary gatnaşdylar.
Tanyşdyryş dabarasynyň dowamynda döwlet Baştutanynyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly täze eseriniň adynyň Ýaşulular maslahatynda 2018-nji ýylyň şygary hökmünde saýlanyp alynmagynyň ýurduň häzirki zaman ösüşiniň taryhy tejribä esaslanýan, parahatçylyk dörediji we hoşniýetli dostluk däplerine, ruhy mirasy hormatlamaga, sebitleýin we umumadamzat integrasiýasyna we ösüşine gönükdirilen baş ýörelgesini aňladýandygy aýratyn bellenildi.
Şeýle hem tanyşdyryş dabarasynda täze neşiriň Beýik Ýüpek ýolunyň fenomenini düzýän ruhy we taryhy-medeni, aýratyn hem Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Gadymy Merw, Köneürgenç we parfiýalylaryň Nusaý galasy ýaly ägirt uly ýadygärlikler ýerleşen türkmen böleginiň ähmiýetini düşündirmekligiň zerurlygy nygtaldy.
2017-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ilçihanasynyň Harkow şäherinde ýerleşýän konsullyk nokadynyň işgärleri tarapyndan Harkowyň G.S. Skoworoda adyndaky Milli pedagogiki uniwersitetiniň binasynda ady agzalan ýokary okuw mekdebiniň rektorlygynyň, mugallymlarynyň, şeýle hem türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasynyň geçirilendigini hem bellemek zerurdyr.
Harkowyň G.S. Skoworoda adyndaky Milli pedagogiki uniwersitetiniň rektory I.Prokopenko gutlag sözi bilen çykyş etdi we Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ösüşiniň taryhyndaky orny barada aýdyp geçdi. Türkmen talyplary hem kitap baradaky öz pikirlerini paýlaşdylar we Türkmenistanyň Prezidentine ägirt uly zähmeti üçin çuňňur minnetdarlyklaryny bildirdiler.