2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Katar döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary Ahmad Hassen Al-Hamadiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda ýola goýlan açyk we dostlukly dialogy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň esasy hasaplanýandygyny belläp, taraplar bilelikdäki işleriň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklerine gysgaça syn berdiler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşyny we syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekki ösüşiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Energetika ulgamy özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) ornuny belläp, Katar döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary Owganystan meselesinde bilelikde hereket etmek boýunça birnäçe uly möçberli we düýpli taslamalary durmuşa geçirmek ýoly bilen Owganystanyň ykdysady mümkinçiliklerini dikeltmäge we berkitmäge gönükdirilen Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdi.