2017-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Seulda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Sejong uniwersiteti bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi.
Çärä bu ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary, mugallymlary we bilermenleri, talyplary we uçurymlary, Koreýa-Merkezi Aziýa dostluk Assosiasiýasynyň Başlygy, Seulda akkreditirlenen daşary ýurt ilçihanalarynyň wekilleri, şeýle hem Koreýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň ählumumy Ýewraziýa syýasy, ykdysady we ulag hyzmatdaşlygynyň döredilmeginiň taryhy esaslaryny, Gündogar bilen Günbataryň medeniýetlerini we halklaryny umumy gymmatlyklar esasynda birleşdirmegi öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedigi aýratyn nygtaldy.
Kitapda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy mirasy bilen bagly agzalýan tema, Koreýa üçin koreý tarapynyň meselelerini öwrenmekde örän derwaýysdyr. Koreýa Respublikasynyň Hökümeti tarapyndan amala aşyrylýan “bitewi döredijilikli kontinenti” döretmäge gönükdirilen “Ýewraziýa başlangyçlarynyň” çäklerinde Ýüpek ýoly aýratyn möhüm temadyr.
Dabaraly çäräniň ahyrynda myhmanlara we gatnaşyjylara türkmen milli tagamlary hödürlenildi.