icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

30 oktýabr 2016

2460

Türkmenistan – Owganystan halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyrynyň gurluşygy tamamlandy

2016-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda türkmen-owgan demir ýol magistralynyň ahyrky nokady – Akina bekedindäki (OYR) jemleýji demir ýol halkasy goýuldy. Aziýa halkara demirýol ulag geçelgesiniň birinji nobatynyň – Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan) - Akina (Owganystan) bölegi tamamlandy. Bu halkara demirýol magistralynyň gurluşygyna Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda 2013-nji ýylyň 5-nji iýunynda badalga berildi.

Transmilli demir ýolunyň bu böleginiň umumy uzynlygy – 88 kilometr bolup, onuň 85-si biziň ýurdumyzyň çäklerinden, şeýle hem ýene-de üç kilometri – Ymamnazar we Akina serhetýaka nokatlarynyň arasyndan geçýär.

Akinadaky dabarasyna iki ýurduň demir ýol edaralarynyň wekilleri, şeýle hem gurluşykçylar, KHBS, ýerli wekiliýetiň wekilleri gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Owganystanda bu täze ýoldan uly sosial-ykdysady özgertmelere garaşylýar.

Beketlerdäki, inženerlik desgalarynda, kömekçi infrastrukturasynyň düzüm böleklerinde esasy gurluşyk-gurnama işleri tamamlanyp barýar. Garagum derýasynyň giň gollarynda, onuň gözbaşynda ýurdumyzyň gurluşykçylary Ukrainanyň “Altkom” kompaniýasynyň hünärmenleri bilen bilelikde giňligi 5,8 metre barabar bolan demir ýol köprüsiniň ikisi guruldy. Olaryň biriniň uzynlygy 363 metre, beýlekisiniňki bolsa 256 metre barabardyr.

  Bu demir ýol ulgamy halkara ulag gatnawlarynyň möhüm bölegi bolmak bilen, sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirer hem-de Owganystanyň ykdysadyýetiniň gaýtadan dikeldilmegine kuwwatly itergi berer, durmuş meseleleriniň çözülmegine, ilatyň iş orunlary bilen üpjün edilmegine ýardam berer.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi