2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri öz diplomatik wezipesini tamamlaýan Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi j-p Çung Tae-In bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda Ilçi soňky ýyllarda Ilçihananyň işine berilen ýardam we goldaw üçin türkmen tarapyna çyn ýürekden minnetdarlygyny bildirdi. Syýasy gurşawdaky gazanylan ýokary netijeleri belläp, taraplar halkara guramalaryň çarçuwasyndaky özaragatnaşyklary berkitmäge ygrarlylygyny bellediler. Şeýle hem, türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini we iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ösüşini bellediler.
Medeni-ynsanperwer ulgamyndaky gazananlary belläp, taraplar bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi ylalaşdylar. Şunlukda bilelikdäki çäreleriň geçirmegiň, şeýle hem bilim ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy Türkmenistan bilen Koreýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň we özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine ähmiýetli goşandy üçin Ilçä minnetdarlygyny bildirdi.