Baş sahypa / Habarlar
img
11 iýun 2026
91

Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady

2026-njy ýylyň 10-njy iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistanda Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Maria Agrenden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen döwlet Baştutanymyzyň adyndan gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Stubbuň hormatly Prezidentimize iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ilerletmäge uly ähmiýet berýär.

Şeýle-de diplomata Mejlisiň düzümi, onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köpugurly işleri barada giňişleýin maglumat berildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerindäki türkmen-fin gatnaşyklarynyň dürli ugurlary barada pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy özara ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak esasynda mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda öz tarapyndan ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.