Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
29 iýul 2026
95

Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Ilçisi Ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2026-njy ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriň orunbasary M.Bäşimowanyň Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Bumedýen Gennad bilen duşuşygy geçirildi. Ilçi ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy.

M.Bäşimowa Ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we onuň diplomatik wezipesini ýerine ýetirmekde türkmen tarapynyň goldaw bermäge taýýardygyny habar berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine seretdiler.

Iki döwletiň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklaryň möhümdigi, şeýle-de ýokary derejelerdäki gatnaşyklary guramagyň ähmiýeti bellenildi.

Diplomatlar iki döwletiň arasynda özara parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak we hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny berkitmek barada hem durup geçdiler. 

Taraplar umumadamzat parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi berkitmekde sebit we halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi maksat edinýändiklerini nygtadylar.

Duşuşykda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine jikme-jik seredildi. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler Aşgabatda we Alžirde geçirilýän halkara sergilere we işewürlik-forumlaryna gatnaşmagyň netijeli boljakdygyny tassykladylar. Oba hojalygy we dokma senagaty pudaklaryny hyzmatdaşlygyň mümkinçiligi uly bolan ugurlarynyň hatarynda belläp geçdiler.

Mundan başga-da, diplomatlar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň möhümdigini bellediler. Iki döwletiň medeniýet, bilim ministrlikleriniň, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda diplomatlar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça türkmen-alžir hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.