16 sentýabr 2026
441
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Koreýa Respublikasynyň Ählumumy innowasion barlaglar institutynyň direktory bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Koreýa Respublikasynyň Ählumumy innowasion barlaglar institutynyň direktory Kim Jin Pýonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlaryny, şol sanda innowasiýalar, häzirki zaman tehnologiýalary we işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Iki ýurduň işewür we bilermenler toparlarynyň wekilleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Kim Jin Pýo 2022–2024-nji ýyllarda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy bolup işledi.
Başga habarlar
17
Sep
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
17
Sep
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri açyldy
17
Sep
Aşgabatda «C5+1: ygtybarly emeli aň we sanlylaşdyrma» atly seminar geçirildi
16
Sep
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisine gatnaşdy
16
Sep
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
Ähli habarlary görmek