Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän çäreleriň meýdançasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Farzane Sadeg bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, şeýle hem Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini giňeltmäge we sebit ulag aragatnaşyklaryny berkitmäge aýratyn üns berildi. Taraplar ulag infrastrukturasyny mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de iki ýurduň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň möhümdigini bellediler.
Duşuşygyň dowamynda sebit we halkara ulag başlangyçlarynyň çäklerinde özara gatnaşyklar boýunça hem pikir alyşyldy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklygynyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.
Taraplar türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmäge bolan meýlini tassyklap, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça konstruktiw dialogy dowam etdirmek barada pikirlerini beýan etdiler.