Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
03 iýun 2026
74

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Hemişelik wekili bilen duşuşyk barada

2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapachenko hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Hemişelik wekili Narine Saakyan bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň «BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini berjaý etmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuna esaslanýan halkara ulgamy berkitmek» atly ýokary derejeli açyk pikir alyşmalaryna gatnaşmak üçin Nýu-Ýork şäherine amala aşyran iş saparynyň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu çärä gatnaşmagynyň BMG-niň merkezi roluny berkitmäge, öňüni alyş diplomatiýasyny we dialogy öňe sürmäge hem-de parahatçylygy üpjün etmegiň möhüm guraly hökmünde ynsanperwerlik we bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlylygyny tassyklaýandygy aýratyn nygtaldy.

Şeýle hem, saparyň dowamynda BMG-niň Baş Sekretary, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň başlygy, BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasarlary, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň administratory, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy, şeýle hem Hytaý, Pakistan, Kuba, Azerbaýjan we ABŞ ýaly döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryň geçirilendigi bellenildi.

Bu duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny ilerletmäge, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary goldamaga, 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny we Awaza syýasy Jarnamasyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygy tassyklanyldy. Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly (2025-nji ýyl), Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumynda öňe süren başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy.