icon
Türkmençe
Русский
English
Year 2024 - «Fount of Wisdom
Magtymguly Fragi
»
Home / TURKMENISTAN - UNESCO / ...

Türkmen halkynyň “Görogly” şadessany ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda

Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky Hökümetara komitetiniň 2015-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Windhuk şäherinde (Namibiýa) geçirilen mejlisiniň barşynda “Görogly” şadessanynynyň hödürnamasyna seretdi we ony ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna biragyzdan girizdi.

Şol wagt ÝUNESKO-nyň komitetiniň ýaýradan metbugat beýanatynda “Görogly” şadessanynyň ady rowata öwrülen edermen Göroglynyň hem-de onuň kyrk ýigidiniň batyrlygyny beýan edýän dilden gürrrüň bermek däpleridigi düşündirilýär. Epiki eseriň aýdyjylary, ýagny dessançylar Türkmenistanda bu däpleri saklaýjylar bolup durýar. Onuň ýerine ýetirilmegi gürrüň bermegi, aýdym aýtmagy we saz çalmagy özünde jemleýär. Bu dessurlar türkmen halkynyň bagtyýar ýaşaýşa bolan ymtylyşlaryny beýan etmek bilen, batyrlyk, ygrarlylyk, dostluk we wepadarlyk ýaly belent häsiýetlerini dabaralandyrýar, diýlip beýan edildi.

ÝUNESKO-nyň kesgitlemesine görä, maddy däl medeni miras şol bir wagtyň özünde «janly miras» hem diýlip atlandyrylmagy bilen, milletleriň nesilden-nesle geçirip gelýän däp-dessurlaryny, beýan ediş aýratynlyklaryny we özboluşlylyklaryny, bilimlerini we başarnyklaryny özünde jemleýändir.

Türkmen halkynyň “Görogly” şadessany hem dünýä derejesinde giňden meşhurlyk gazanandyr. Çünki bu eser gaýduwsyzlygy, ygrarlylygy we dostlugy hemmetaraplaýyn dabaralandyrýandyr.

Phone: +993 (12) 44-56-92
Fax: +993 (12) 44-58-12
Reception: +993 (12) 44-56-87
Press service: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Ashgabat, Archabil av., 108
Ashgabat, Turkmenistan
© 2024 Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan