icon
Türkmençe
Русский
English
Year 2024 - «Fount of Wisdom
Magtymguly Fragi
»

30 June 2022

2471

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň altynjy Hazar sammitindäki Çykyşy

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Hormatly wekiliýetleriň agzalary!

Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentlerini Türkmenistanda tüýs ýürekden mübärekleýärin. Size Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň altynjy duşuşygyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendigiňiz üçin minnetdarlyk bildirýärin. Muny Hazarda biziň maksatlarymyzyň umumydygynyň, ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygymyzyň tassyknamasy hökmünde kabul edýäris.

Mälim bolşy ýaly, 2002-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda birinji Hazar sammiti geçirildi. Sözüň doly manysynda, hut şonda Hazar gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça uzak möhletli geljek üçin yzygiderli hyzmatdaşlygyň binýady goýuldy. Şondan bäri 20 ýyl geçdi we biz bu gün Hazar sebitinde ýokary döwlet derejesinde syýasy gatnaşyklaryň täze görnüşiniň zerurdygyny hem-de biziň halklarymyzyň parahatçylygynyň, ösüşiniň, rowaçlygynyň bähbidine kenarýaka ýurtlaryň maksatlarynyň we bähbitleriniň bitewüliginiň aýgytlaýjy şerti hökmünde ykrar edilendigini aýdyp bileris.

Soňra Tähranda, Bakuwda, Astrahanda, Aktauda geçirilen sammitler hem Hazar üçin möhüm ähmiýete eýe boldy, Hazar gatnaşyklarynyň dürli ulgamlarynda döwletleriň bilelikdäki işine kuwwatly itergi berdi. Biz bu babatda bäş döwletiň ählisiniň uly hyzmatynyň bardygyny ynamly aýdyp bileris. Şol döwletleriň her biri sebitde özara gatnaşyklaryň arhitekturasyny kemala getirmäge uly goşant goşdy.

Geçen döwürde köp işler amala aşyryldy. 2018-nji ýylda Aktauda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilmegi biziň esasy umumy üstünligimiz boldy. Pursatdan peýdalanyp, men Hazarýaka döwletleriň ählisiniň resminamany taýýarlamakda işjeňlik görkezendigi, birek-biregiň bähbitlerini nazara alandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirmek isleýärin.

Şonuň bilen birlikde, Hazarda hyzmatdaşlyk boýunça pudaklaýyn ylalaşyklaryň ençemesiniň üstünde işlenildi we bu iş dowam etdirilýär. Bularyň ählisi häzirki wagtda biziň gatnaşyklarymyzyň hil taýdan anyk häsiýete eýe bolmagyna, maksadalaýyk, yzygiderli we netijeli ösmegine ýardam etdi. Biz netijeli we birek-birege hormat goýmak esasyndaky gatnaşyklary alyp barýarys. Ol Hazar meselesiniň dürli ugurlaryny — syýasy, ykdysady, söwda, ekologik, ynsanperwer gatnaşyklary öz içine alýar.

Hazar sebitinde ygtybarly, uzak möhletli hem-de mäkäm howpsuzlygy üpjün etmek, möhüm we şol bir wagtyň özünde bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünliginiň esasy şerti bolup durýar.

Biz bilelikde Hazar sebitiniň parahatçylyk we ösüş üçin howplardan azat bolan durnuklylyk, ynanyşmak zolagy bolmagynda galmagy üçin ähli tagallalary etmelidiris. Şunuň bilen baglylykda, men terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, guramaçylykly jenaýatçylyga, kanuna laýyk gelmeýän beýleki işlere garşy bilelikde barlyşyksyz göreşmegi möhüm wezipeleriň hatarynda görkezmek isleýärin. Bu babatda biziň hyzmatdaşlygymyz örän netijeli häsiýete eýe bolmalydyr, yzygiderlilik, toplumlaýynlyk we açyklyk ýörelgeleri esasynda guralmalydyr. Bu işde diplomatik gatnaşyklar ýollaryna, ilkinji nobatda bolsa, Hazarýaka döwletleriň ýörite ygtyýarly wekilleriniň derejesinde Daşary işler ministrlikleriniň howandarlygynda bäştaraplaýyn yzygiderli geňeşmeler guralyna möhüm ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda Aktauda geçirilen sammitde kabul edilen Beýannamada bu ýagdaý öz beýanyny tapdy we biz geňeşmeleriň ýurtlarymyzyň döwlet edaralarynyň sazlaşykly işlemegi üçin zerur şertleri üpjün etmegine umyt bildirýäris. Hyzmatdaşlygyň bu guralynyň ygtyýarlyklaryny giňeltmegi, oňa pudaklaýyn ylalaşyklaryň işlenip taýýarlanylmagyny utgaşdyrmagy tabşyrmagy maksadalaýyk hasaplaýarys. Şolaryň hatarynda Hazar deňzinde göni başlangyç çäkleri ýola goýmagyň usuly hakyndaky Ylalaşygyň üstünde işlemegi tamamlamaga aýratyn ähmiýet berýäris. Şeýle hem daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylaryna bäştaraplaýyn gün tertibiniň ähli meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary babatda maslahatlary yzygiderli geçirmegi teklip edýäris.

Ençeme ýyllaryň dowamynda Hazarýaka döwletleriň bilermenleri tarapyndan brakonýerlige, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, deňizde ýüzmegiň howpsuzlygyny üpjün etmek, deňizde gözlemek we halas etmek ulgamynda resminamalaryň üstünde işlenilýändigini bellemek gerek. Bu işe gatnaşyjylaryň ählisine öňde goýlan maksatlara ýetmäge goşýan goşantlary üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Ýakyn wagtda bu resminamalaryň üstünde alnyp barylýan işleriň tamamlanjakdygyna umyt edýäris.

Ykdysady ulgam Hazardaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu ulgam köptaraplydyr we ulag, logistika, kommunikasiýalar, energetika, önümçilik taýdan ýakynlaşmak ýaly ulgamlary we beýleki köp ugurlary öz içine alýar. Bu babatda hyzmatdaşlygyň geljegi uly, täsin görnüşini — Hazar ykdysady forumyny döretmek hakyndaky çözgüdiň uly ähmiýete eýedigini bellemek isleýärin. Şeýle forum ilkinji gezek 2019-njy ýylyň tomsunda Türkmenbaşy şäherinde geçirildi. Şonda kabul edilen çözgütler we ylalaşyklar Hazarda hojalyk işini strategik taýdan meýilleşdirmek üçin ygtybarly binýada öwrüldi, onuň geljegini kesgitledi. Gürrüň, ilkinji nobatda, ulag barada barýar.

Men Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça Ýewraziýada üstaşyr ulag akymlarynyň baglanyşdyryjy merkezi hökmünde Hazar deňzini «Mümkinçilikleriň deňzi» diýip atlandyrmagy hakykatdan daşda däl diýip hasaplaýaryn. Geljekde Hazaryň şeýle ähmiýetiniň has-da artjakdygyna ynanýaryn. Şoňa görä-de, elbetde, biziň ýurtlarymyza port düzümini gurmak we döwrebaplaşdyrmak, Hazar sebitini harytlaryň hem-de hyzmatlaryň halkara akymlary üçin oňaýly, döwrebap, amatly giňişlige öwürmek üçin durnukly, ygtybarly we netijeli logistika ulgamyny kemala getirmek babatda uly işler garaşýar. Syýasatdan azat bolan konýunkturanyň zerurdygyny aýratyn nygtamak isleýärin. Geljege jogapkärli we öňdengörüjilikli garamak möhümdir: ählumumy syýasatdaky häzirki çylşyrymlylyklar, gapma-garşylyklar bilen baglylykda, Hazarýaka ýurtlara umumy maksatlara we umumy ykbala düşünmekde bitewüligi saklap galmak zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňzinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky hökümetara Ylalaşygyň güýje girmegine kanagatlanma bildirýäris.

Halkara işewürligiň, maliýe institutlarynyň Hazar sebitine uly üns we gyzyklanma bilen garaýandygyna, onuň kuwwatyna we geoykdysady gymmatlygyna düşünýändigine ynanýaryn. Telekeçilik üçin oňat şertleri döretmek, ony zerur bolmadyk, köp halatda bolsa, könelişen bökdençliklerden azat etmek, Hazary möhüm we uzak möhletli maýa goýumlar babatda özüne çekiji ýere öwürmek üçin bizde ähli mümkinçilikler bar. Umuman, Hazar deňziniň ulag ähmiýeti barada aýtmak bilen, biz ony Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmegiň aýrylmaz bölegine öwürmek babatda öňümizde uly we anyk maksady ynamly goýup bileris.

Hazarda önümçilik taýdan ýakynlaşmak hem örän möhüm meseledir. Biziň ýurtlarymyz uly tebigy serişdelere, berk senagat we tehnologik kuwwata eýedir. Şol serişdeleriň we kuwwatyň birleşdirilmegi, hyzmatdaşlygyň önümçilik ulgamlarynyň, “Ýakynlaşmak geçelgeleriniň döredilmegi” wajyp mesele bolup durýar. Şunda hususy işewürlik möhüm orun eýelemelidir. Hazarýaka ýurtlaryň maksatnamalaýyn işewürlik forumlaryna badalga bermek zerurdyr. Olaryň barşynda biziň telekeçilerimiz göni gatnaşyk edip, amatly we maksadalaýyk boljak ugurlarda hyzmatdaşlygyň ýollaryny özbaşdak kesgitläp bilerdiler. Şunuň bilen baglylykda, özbaşdak, döwlete dahylsyz ulgam hökmünde Hazarýaka ýurtlaryň işewür hyzmatdaşlygynyň Geňeşini, ysnyşykly hyzmatdaşlyk üçin binýady döretmegiň üstünde işlemegi teklip edýäris.

Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak biziň umumy möhüm maksadymyz bolup durýar. Bu babatda Türkmenistanyň garaýşy anyk kesgitlenendir hem-de üýtgewsizdir: ähli ykdysady we önümçilik işi deňziň ekologik howpsuzlygyna berk bagly bolmalydyr, tebigaty goramak babatda ykrar edilen dünýä standartlaryna laýyk gelmelidir. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň döredilen gurallarynyň sazlaşykly işine aýratyn ähmiýet berýäris. Türkmenistanyň Hazarda ylmy barlaglary geçirmek hakyndaky ylalaşygy işläp taýýarlamak boýunça başlangyjy bu ugurda biziň bilelikdäki işimiziň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistan eýýäm Hazaryň baý tebigy serişdeleriniň rejeli ulanylmagyny üpjün etmek boýunça tebigaty goraýyş çäreleriniň toplumy hökmünde täze Hazar ekologiýa maksatnamasyny döretmek pikiri bilen çykyş etdi. Biz şu mesele boýunça işjeň gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyrys hem-de Hazarýaka ýurtlaryň hemmetaraplaýyn goldawyna umyt bildirýäris.

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň giňişligi hökmünde Hazar deňzi barada aýtmak bilen, biz ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýäris. Şu ýerde koronawirus pandemiýasy döwründäki takyk, sazlaşykly işi bellemek isleýärin. Şu çylşyrymly döwürde Hazarýaka döwletler birleşdiler, raýdaşlygyň we birek-birege ýardam bermegiň aýdyň nusgasyny görkezdiler. Hormatly Prezidentleriň ählisine şunuň üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirmek isleýärin.

Medeni gatnaşyklary ösdürmek we giňeltmek ugrunda çykyş edýäris. Şunuň bilen baglylykda, medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky bäştaraplaýyn ylalaşygy işläp taýýarlamaga girişmegi teklip edýäris.

Dynç alynýan ýer hökmünde Hazaryň, onuň kenar ýakasynyň uly kuwwatynyň bardygyny görýäris. Syýahatçylyk pudagynda we gämide syýahat etmek ulgamynda sebitleýin hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek boýunça başlangyçlary goldaýarys.

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Türkmenistan umumyhazar gepleşiklerine işjeň gatnaşmak bilen, bu işe mundan beýläk-de öz goşandyny goşmaga, ähli meselelere gyzyklanma bildirip, ara alyp maslahatlaşmaga we olar boýunça ylalaşykly çözgütleri tapmaga taýýardyr. Biziň ýapyk ýa-da oňaýsyz meselelerimiz ýokdur, biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde geljekki ylalaşyklary gazanmaga, Hazar gün tertibiniň anyk ugurlary boýunça özara gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyrys.

Biziň duşuşyklarymyzyň hoşniýetlilik, özara ynanyşmak ýagdaýynda geçýändigini aýratyn nygtasym gelýär. Hazarýaka döwletleriň sammitleri sebit we dünýä syýasatynyň anyk hem-de täsirli şertine öwrüldi, olaryň diňe bir gatnaşyjylar üçin däl, eýsem, beýleki ýurtlar üçin hem wajypdygy äşgärdir.

Çykyşyň ahyrynda bu duşuşyga gatnaşýan Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň hormatly Prezidentlerine Hazarda hoşniýetli goňşuçylygy we hyzmatdaşlygy ösdürmek işine goşýan uly şahsy goşantlary üçin aýratyn minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!

Üns berip diňläniňiz üçin sag boluň!

(2022-nji ýylyň 29-njy iýuny, Aşgabat şäheri)

Phone: +993 (12) 44-56-92
Fax: +993 (12) 44-58-12
Reception: +993 (12) 44-56-87
Press service: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Ashgabat, Archabil av., 108
Ashgabat, Turkmenistan
© 2024 Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan