icon
Türkmençe
Русский
English
Year 2024 - «Fount of Wisdom
Magtymguly Fragi
»

16 September 2023

4368

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki ÇYKYŞY

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Hormatly wekiliýet agzalary!

Ozaly bilen, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Şaripowiç Rahmona Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine gelmäge çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.

Myhmansöýer Täjigistanda geçirilýän şu gezekki duşuşyk biziň gatnaşyklarymyzyň hem-de sebit meselelerini bilelikde, raýdaşlyk ýagdaýynda çözmäge özara gyzyklanmanyň ýokary derejesiniň aýdyň subutnamasydyr. Şu günki waka Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjylar hökmünde biziň ýurtlarymyz üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi şu ýyl biz bu gaznanyň döredilmeginiň 30 ýyllygyny belleýäris. Hemmeleri bu şanly sene bilen gutlamaga rugsat ediň hem-de geçen ýyllaryň dowamynda hut AHHG-nyň Aral deňziniň guramagy zerarly emele gelen ekologik, durmuş-ykdysady meseleleri çözmek maksady bilen, dialog we hyzmatdaşlyk üçin möhüm sebit meýdançasyna öwrülendigini bellemek isleýärin.

Şu gün Täjigistan Respublikasynyň bu gazna üstünlikli başlyklyk edýändigini aýratyn bellemek gerek. Biziň kärdeşlerimiz tarapyndan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işine goldaw bermek hem-de onuň halkara abraýyny ýokarlandyrmak boýunça uly işler bitirildi.

Gazna geljekde başlyklyk etjek Gazagystan Respublikasyna üstünlikleri arzuw edýärin. Şol döwürde gazagystanly kärdeşlerimiziň öňde goýlan wezipeleri çözmek, biziň tagallalarymyzy birleşdirmek, oňyn başlangyçlaryny goldamak we ilerletmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynanýaryn.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan halkara forumlarda Aral meselesiniň biziň sebitimiziň çäklerinden çykandygyny we hakykatdan-da, ählumumy tagallalary talap edýän dünýä derejeli meselä öwrülendigini hemişe nygtaýar. Biziň ýurdumyz öz başlangyçlaryny milli derejede, şeýle hem dünýä giňişliginde geçirýän anyk işleri bilen berkidýär.

Baryp 2012-nji ýylda Türkmenistanda howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýa tassyklanyldy, onda Aral deňziniň meseleleri, hususan-da, Aralyň guramagy zerarly daşky gurşawa ýetýän oňaýsyz täsiri peseltmek, çölleşmä we ýeriň ýaramazlaşmagyna garşy göreşmek, Aral sebitinde arassaçylyk-epidemiologik ýagdaýy gowulandyrmak, durmuş we ynsanperwer häsiýetli birnäçe meseleleri çözmek boýunça geçirilýän çäreler öz beýanyny tapdy. 2019-njy ýylda, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hasaba almak bilen, bu strategiýany döwrebaplaşdyrdyk, şondan soňra bolsa Aral boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar döwri üçin Milli maksatnamany kabul etdik. Onda ykdysady, durmuş, ekologiýa, suw ulgamlarynda 86 taslamany durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şol bir wagtyň özünde, halkara giňişlikde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2018-nji we 2019-njy ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalary kabul edildi. Olarda, hususan-da, Aral ekologik çökgünliginiň ýetiren zyýanlarynyň azaldylmagyna hem-de aradan aýrylmagyna gönükdirilen köptaraplaýyn tagallalaryň möhümdigi, BMG-niň ulgamynyň we bu gaznanyň arasynda dialogy, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň hem-de olaryň tagallalarynyň özara utgaşdyrylmagynyň ähmiýeti nygtalýar. Ýokarda agzalan anyk çäreler baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, 2023-nji ýylyň 19-njy maýynda BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň Türkmenistanyň öňe süren başlangyjy esasynda BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny döretmek bilen baglanyşykly Kararnamany kabul edendigini bellemek isleýärin.

Türkmenistan geljekde-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy ýurtlaryň sebit hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine hem-de daşky gurşawy goramaga, Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn gurallarynyň döredilmegine gönükdirilen anyk başlangyçlaryny amala aşyrmak ugrunda çykyş eder. Şunuň bilen baglylykda, biz gaznanyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek hem-de geljekki işleriň maksatlarynydyr wezipelerini kesgitlemek boýunça çäreleri işjeňleşdirmegi teklip edýäris. Bu işleri Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň ählisiniň bähbitlerini hasaba almak bilen, halkara hukugyň binýat goýujy ýörelgeleri we kadalary esasynda alyp barmagy zerur hasaplaýarys.

Aral meselesine gönüden-göni dahylly meseleleriň toplumynyň umumysebit ekologik gün tertibiniň möhüm bölegi hökmünde çözülmeginiň halkara hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyny, oňyn başlangyçlaryň mundan beýläk-de ilerledilmegini, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň bu işlere işjeň çekilmegini talap edýändigine ynanýarys. Şunda bu gaznanyň halkara maliýe edaralary hem-de hemaýatkärler bilen Aral deňziniň sebitinde häzirki emele gelen meseleleriň giň toplumyny çözmek bilen baglanyşykly taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygyny has okgunly ösdürmek üçin mümkinçilikleri döretmegimiz zerurdyr.

Aral meselesiniň, tutuş Merkezi Aziýanyň ekologiýa babatda ileri tutýan ugurlarynyň halkara derejede degişli orun eýelemelidigine ynanýaryn. Şunda biziň tagallalarymyz maksada okgunly hem-de millionlarça raýatymyzyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň üpjün edilmegine, geljek onýyllyklarda öňde durýan ykdysady-durmuş wezipeleriniň çözülmegine gönükdirilmelidir. Türkmenistan sebitiň ekologik meselelerine strategik çemeleşmäni kemala getirmekde möhüm ädim hökmünde ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmegi teklip edýär. Ol BMG bilen hyzmatdaşlykda sebitde ekologik gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça anyk we yzygiderli işleri geçirip bilerdi. Mundan başga-da, biziň ýurtlarymyza Merkezi Aziýada suw serişdeleriniň goralmagyna hem-de rejeli peýdalanylmagyna gönükdirilen halkara resminamalary işläp taýýarlamak we kabul etmek çärelerini çaltlandyrmak meselesi möhüm bolup durýar. Bu ugurda bilelikdäki diplomatik tagallalarymyzy işjeňleşdirmegi teklip edýäris.

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi bilen bilelikde sebitde suw diplomatiýasynyň ilerledilmegine aýratyn uly üns berýär. Şu maksat bilen, biziň ýurdumyz Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň dowamynda Merkezi Aziýa Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjyny öňe sürdi. Şunda biz bu resminamada suw meseleleri boýunça döwletlerimiziň özara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk hem-de sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitleriniň hasaba alynmagyna esaslanýan syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgelerini we düzgünlerini berkitmegi maksadalaýyk hasaplaýarys. Merkezi Aziýa Suw strategiýasy geljekde BMG-niň Ählumumy suw strategiýasyny işläp taýýarlamak üçin esas bolup bilerdi.

Şeýle hem biz Araly halas etmegiň halkara gaznasyny durnukly ösdürmek boýunça döwletara toparyň çäklerinde kabul edilen Merkezi Aziýanyň daşky gurşawyny goramak boýunça Hereketleriň sebit meýilnamasyny we onuň esasy kadalaryny ekologik meseläniň düzüm bölegi hökmünde Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek boýunça Hereketleriň täze maksatnamasyna girizmek maksady bilen, ony döwrebaplaşdyrmak baradaky meselä garamagy teklip edýäris.

Beýan edilen teklipler bir bitewi maksada — biziň sebitimiziň ýurtlarynyň bähbitleriniň, bu ýurtlarda ýaşaýan halklaryň abadançylygynyň, olaryň saglygynyň, ösüşiniň, rowaçlygynyň üpjün edilmegine esaslanýan sazlaşykly, durnukly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ulgamyny döretmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň öňe süren tekliplerine düşüniljekdigine hem-de goldanyljakdygyna umyt edýäris.

Sözümiň ahyrynda hormatly Emomali Şaripowiçe Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini ýokary derejede guramaga we üstünlikli geçirmäge goşan uly şahsy goşandy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirmek isleýärin.

Şu günki duşuşygyň biziň umumy bähbitlerimiziň ilerledilmegine oňyn depgin berjekdigine ynanýaryn. Türkmenistan munuň üçin ähli zerur işleri durmuşa geçirmäge taýýardyr.

Phone: +993 (12) 44-56-92
Fax: +993 (12) 44-58-12
Reception: +993 (12) 44-56-87
Press service: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Ashgabat, Archabil av., 108
Ashgabat, Turkmenistan
© 2024 Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan