icon
Türkmençe
Русский
English
Year 2024 - «Fount of Wisdom
Magtymguly Fragi
»
Home / Ashgabat - 140 years

Nyşanlar we gözel ýerler

1. 2008-nji 26-njy iýunynda Döwlet muzeýiniň öňündäki meýdançada gurlan Türkmenistan Döwlet Baýdagynyň belent sütüni “Dünýäniň iň belent flagştogy” diýlip Ginnesiň Bütindünýä Rekordlar kitabyna girizildi. Agramy 420 kilograma, ini 52,5 metre we boýy 35 metre barabar ýaşyl Tugumyz 133 metr belentlikde parlaýar. Gadymy haly nagşy bolan göller, bäş ýyldyz bilen ýarymaý – täze döreýän ýaşaýşyň nyşany, iki sany zeýtun baldagy — döwletiň parahatçylyk söýüji syýasatyny, Bitaraplygyny, türkmen halkynyň ar-namysyny we ruhuny aňladýar. Türkmenistanda her ýylyň 18-nji maýynda Döwlet baýdagynyň güni bellenilýär.

2. 2008-nji 29-njy iýunynda açylan, Ginnesiň Bütindünýä Rekordlar kitabyna girizilen ajaýyp desgalaryň biri Aşgabady Halkara howa menziline barýan şaýoluň çatrygynda ýerleşýän Oguz hanyň we onuň ogullarynyň heýkelleri ornaşdyrylan suw çüwdürimler toplumydyr. Bu abraýly sanawa Aşgabat “Köpçülik ýerinde iň köp suw çüwdürimlerini özünde jemleýän suw çüwdürim toplumly şäher” hökmünde goşuldy.

3. 2011-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda ulanylmaga berlen, beýikligi 2111 metre barabar bolan minara — “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezi “Dünýäniň arhitektura tehniki usulda şekillendirilen iň uly ýyldyz” diýen at bilen dünýä rekordlarynyň sanawyna goşuldy. “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezi paýtagtyň günortasynda, Köpetdagyň belent gerşiniň üstünde ýerleşip, ol dünýäde deňiz derejesinden ýokarda duran iň iri we iň beýik binalaryň biridir. Teleradiomerkeziň üstünde güýçli antenna bolan 211 metrlik merkezi bölegi Oguz hanyň sekiz burçly äpet ýyldyzy görnüşi bolup, iki tarapyndan ýörite berk aýna bilen örtülen. Toplumyň esasy bölegi 31 gatdan durýar. 29-njy gatda aýlanýan restoran bolup, ondan ak mermerli paýtagtyň gözelligini synlamak bolýar. Merkez häzirki zamanyň iň kämil telekommunikasiýa enjamlary — tele we radio apparaturalarynyň täze görnüşleri, montaž, grafiki studiýalar hem beýlekiler bilen üpjün edilen.

4. 2012-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda ulanylmaga berlen “Älem” medeni-dynç alyş merkez hem Ginnesiň Bütindünýä Rekordlar kitabyna girizildi. Bu binanyň umumy beýikligi 95 metre deň bolup, ol ýapyk görnüşli synlamak üçin niýetlenilen, daşky aýlawy 57 metre ýetýän häzirki güne çenli dünýäde iň uly çarhly hiňňildikdir.

5. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheri Ginnesiň Bütindünýä Rekordlar kitabyna dünýäde iň ýokary derejede ak mermere örtülen binalaryň jemlenen şäheri hökmünde girizildi.

6. 2016-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallasy bilen Aşgabatda Halkara howa menziliniň açylyş dabarasy boldy. Toplum 1200 gektara golaý meýdany eýeleýär we 100-den gowrak desgany öz içine alýar. Häzirki zaman howa menzili sagatda 2 müňe golaý ýolagça hyzmat etmäge mümkinçilik berýär. Ýolagçy terminalynyň 705 inedördül metr haly gölüniň şekillendirilmegi netijesinde “Iň uly göl” diýlip atlandyrylan binagärlik aýratynlygy üçin Aşgabadyň Halkara howa menzili Ginnesiň Bütindünýä Rekordlar kitabyna girdi. Şeýle-de bu binagärlik dürdänesi halkara derejesinde abraýly baýraklaryň birnäçesine, ýagny “International Property & Travel” gozgalmaýan emläk we syýahatlar hakyndaky halkara neşiriniň “Construction Excellence Award” sylagyna, iň häzirki zaman tehnologiýalary hem-de özboluşly gözelligi üçin “Business Initiative Directions” guramasy tarapyndan “International Star Award for Quality” sylagyna mynasyp boldy. Aşgabadyň Halkara howa menziliniň sebit we halkara ähmiýetli möhüm ulag desgasy hökmündäki derejesini has-da berkidýär.

7. 2017-nji ýylda dünýäniň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilen, ähli amatlyklary bolan Olimpiýa şäherçesiniň suw sport toplumy ekologiýa taýdan arassa materiallary bilen tapawutlanyp, Sportuň suw görnüşleri merkezi dünýäde iň uly üsti ýapyk suwda ýüzüş suw howzy hökmünde Ginnesiň Bütindünýä Rekordlar kitabyna girizildi. Bina 4 gatdan ybarat bolup, umumy ölçegi boýunça 155.35x112.90 metre barabardyr. Mundan başga-da tomaşaçylar üçin 4899, mümkinçiligi çäkli adamlar üçin 66, metbugat wekilleri üçin 69 we VIP üçin 15, jemi 5049 orunlyk ýerler bar. Bina iki sany zemin gatdan we dört sany ýerüsti gatdan ybarat bolup, onuň içinde dürli ululykdaky dört sany howuz ýerleşýär. Ginnesiň Bütindünýä Rekordlar kitabynyň wekilleriniň geçiren ölçeme hasaplamalaryna görä, howuzlaryň umumy meýdany 4 müň 976,65 inedördül metre deňdir. Iki sany hammam, iki sany sauna, 121 orunlyk duş ýeri, 12 adamlyk hereketi çäkli raýatlar üçin duş ýerleri dynç alyş alyş otaglary hem tälimçileriň we türgenleriň hyzmatynda. Şeýle-de binanayň çäginde 392 inedördül metr meýdany bolan restoran, üç sany 321 inedördül metr meýdany eýeleýän garbanyşhana, 94 inedördül metr meýdany tutýan kafe bar.

8. 2017-nji ýylda Sportuň suw görnüşleri merkezi bilen bir hatarda döwrebap Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde Ginnesiň Bütindünýä Rekordlar kitabyna girizildi. Türkmeniň uçar ganaty bolan behişdi bedewiň heýkeli türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessuryny bütin dünýäde wagyz etmekde ajaýyp ykrarnamadyr. Türkmenistanyň Prezidenitiniň teklibi bilen, heýkeliň boýnunda alajadyr bäzbendi, ýokarsynda bolsa gözden-dilden goraglaýan ýüzärlik bar. Aşgabat Olimpiýa stadiony 5 gatdan ybarat bolup, ol 45 müň tomaşaça niýetlenendir. Bina umumy ölçegi boýunça 280x250 metre barabar bolup, onuň beýikligi 49,98 metre deňdir.

Phone: +993 (12) 44-56-92
Fax: +993 (12) 44-58-12
Reception: +993 (12) 44-56-87
Press service: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Ashgabat, Archabil av., 108
Ashgabat, Turkmenistan
© 2024 Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan