icon
Türkmençe
Русский
English
Year 2024 - «Fount of Wisdom
Magtymguly Fragi
»

17 October 2019

2422

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde eden çykyşy

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Hormatly wekiliýetleriň baştutanlary we agzalary!

 

Şu günki mejlise gatnaşmak üçin bize gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň ýolbaşçylaryny, wekiliýetleriň baştutanlaryny we agzalaryny Türkmenistanda ýene bir gezek tüýs ýürekden mübäreklemäge rugsat ediň!

GDA-nyň mundan beýläk-de okgunly ösmegi babatda mejlisiň geçirilmegi bilen biz uly we esaslandyrylan umytlarymyzy baglanyşdyrýarys. Edil ýaňy çäkli düzümde özara gatnaşyklarymyzyň möhüm meseleleri, Arkalaşygyň döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny we geljegini kesgitlemek boýunça düýpli gürrüň etdik.

Garalan meseleleriň ählisiniň mundan beýläk-de netijeli ilerlediljekdigine, hakyky dostlara we ygtybarly hyzmatdaşlara mahsus bolşy ýaly, iş ýüzünde netijeli çözüljekdigine ynanýaryn. Şunuň bilen baglylykda, esasy zady nygtasym gelýär — GDA özüniň netijeliligini hem-de Arkalaşygyň döwletleriniň halklarynyň jana-jan bähbitlerine laýyklygyny görkezýän döwletara hyzmatdaşlygyň işjeň ulgamy bolup durýar.

Häzirki wagtda biziň maksadymyz GDA-nyň işine täze itergi bermekden, ony häzirki zaman ösüşiniň ýagdaýlaryna hem-de ugurlaryna laýyk derejä çykarmakdan, Arkalaşygyň halkara hem-de sebit gün tertibindäki özgerişliklere dogry hem-de öz wagtynda seslenmek ukybyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Türkmenistan GDA-nyň işine çemeleşmelerini guramakda hut şundan ugur alyp, Arkalaşygyň ählumumy geosyýasy we geoykdysady işlere gatnaşmagyny işjeňleşdirmäge hem-de giňeltmäge gönükdirilen tekliplerini we başlangyçlaryny beýan edýär.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giňişliginde pugta parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak biziň hyzmatdaşlygymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bolupdy we şeýle bolmagynda galýar.

Şunda strategik hem-de sebitleýin durnuklylygy üpjün etmek babatda GDA-nyň iri halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy we özara gatnaşyklaryň ugurlaryny pugtalandyrmak möhüm wezipe bolup durýar. Bu babatda biziň maksatlarymyzyň umumydygyna ynanýaryn, birek-birege teklip edip biljek zadymyz bar, GDA-nyň BMG bilen yzygiderli gatnaşyklary peýdaly bolar we oňyn netijeleri bermäge ukyplydyr.

Şol gatnaşyklaryň çäklerinde kiber howplara garşy göreşmek, maglumat howpsuzlygy ýaly özboluşly meseleler derwaýys bolup durýar. Terrorçylyk howpuna, guramaçylykly jenaýata, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek işinde BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi zerur hasaplaýarys.

GDA-nyň BMG bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegi halkara gatnaşyklarynda umumy özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmak, ýüze çykýan meseleleri çözmekde gepleşikleriň medeniýetini berkarar etmek üçin hem zerurdyr. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy agza döwletleriň 73-siniň awtordaş bolmagynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany biragyzdan kabul etdi.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, GDA döwletleriniň ählisine tutuş dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak üçin uly ähmiýete eýe bolan bu başlangyjy goldandygy hem-de raýdaşlygy üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Arkalaşyga agza ýurtlary şu resminamada beýan edilen maksatlary ýerine ýetirmegiň üstünde bilelikde işlemäge çagyrýaryn.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

GDA-nyň işine ýeterlik derejede itergi bermek barada aýtmak bilen, biz ilkinji nobatda, ykdysady meseläni göz öňünde tutýarys. Häzirki wagtda Arkalaşygyň içinde, şeýle hem GDA-nyň beýleki döwletler hem-de halkara ykdysady birleşikleri bilen özara gatnaşyklarynda hyzmatdaşlygyň täze, döwrebap ulgamlary we nusgalary zerurdyr.

Olar ählumumy ykdysadyýetiň üýtgäp durýan ýagdaýlaryna, täze ykdysady merkezleriň kemala gelmegine, ähli ýerlerde innowasiýalaryň, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna laýyk gelmelidir. Bularyň ählisi bizden hyzmatdaşlygymyzyň häsiýetine gaýtadan garamagy, däp bolan ugurlardan başga-da, täze, geljegi uly ugurlara çykmagy talap edýär.

Ählumumy bäsdeşlik şertlerinde bu işi çalt we netijeli ýerine ýetirmelidiris. Şundan ugur almak bilen, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça GDA agza döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnamanyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Resminama tutuş Arkalaşygyň hem-de GDA agza döwletleriň her biriniň ykdysady bähbitlerini amala aşyrmaga ylalaşykly çemeleşmeleri kemala getirmäge gönükdirilendir.

Ol Arkalaşygyň çäklerinde, şeýle hem beýleki birleşikler we aýry-aýry ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklary kämilleşdirmäge mümkinçilik berýän hyzmatdaşlygyň netijeli gurallarynyň döredilmegini göz öňünde tutýar. Taslama tutuşlygyna 13-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň Ykdysady geňeşinde makullanyldy we döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu mejlisiniň gün tertibine girizildi. Şu gün ýokarda agzalan Jarnamany kabul etmegi teklip edýärin.

GDA-nyň tertipnamalaýyn edaralarynyň, hususan-da, hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň we Ykdysady geňeşiň mejlisleriniň ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny görkezýändigini aýratyn nygtasym gelýär. Şunda energetikany, senagaty, ulag ulgamyny, söwdany, tehnologik hyzmatdaşlygy we beýleki birnäçe ugurlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ulgamlarynyň hatarynda görkezmek bolar.

Biz anyk bilelikdäki taslamalara çykmak arkaly işewürler bileleşiginiň ugry boýunça has ysnyşykly gatnaşyklar, GDA-nyň çäklerinde haryt öndürijileriň sergilerini we ýarmarkalaryny giňden geçirmek ugrunda çykyş edýäris. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň degişli pudaklaýyn geňeşleriniň we komitetleriniň işini goldaýarys.

GDA-da ykdysady hyzmatdaşlygyň many-mazmunyny açyp görkezmek bilen, energetika ulgamyna biziň hyzmatdaşlygymyzyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde garaýandygymyza siziň ünsüňizi çekesim gelýär. BMG-niň çäklerinde we beýleki guramalarda bu mesele boýunça halkara gatnaşyklar has anyk häsiýete eýe bolýar. Arkalaşygyň döwletleri oňa ýeterlik derejede işjeň gatnaşýarlar. Bu ugurda gatnaşyklaryň dowam etdirilmegine umyt edýäris. Şu maksat bilen, biziň ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu 74-nji sessiýasynyň garamagyna durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmeginiň orny hakyndaky täze kararnamanyň taslamasyny hödürlär.

Ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy GDA üçin ileri tutulýan ugur hasaplaýarys. Ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň möçberleriniň ep-esli artmagy bilen baglylykda, häzirki wagtda bu hyzmatdaşlyk aýratyn zerur bolup durýar. Täze üstaşyr geçelgeleri döretmek hem-de ulag hyzmatlarynyň iri bazarlaryna bilelikde çykmak maksady bilen, ýurtlarymyzyň bäsdeşlik babatdaky artykmaçlyklaryny — olaryň geografiýasyny, düzümleýin sazlaşygyny, hyzmatdaşlygyň tejribesini we däplerini iş ýüzünde ulanmagy başarmalydyrys. Özi-de bu işleri örän gysga möhletde amala aşyrmalydyrys.

Muny häzirki döwrüň ykdysady ösüşiniň barşy, ulag-kommunikasiýa ulgamynda halkara bäsdeşligiň ýagdaýy we depginleri talap edýär. GDA ýurtlarynyň gatnaşmagynda şeýle taslamalary durmuşa geçirmegiň oňat mysallary bar. Bu babatda men goňşy ýurtlara çykmak arkaly Arkalaşygyň giňişliginde täze demir ýollary gurmakda hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýaryn.

Mysal üçin, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran häzirki zaman demir ýoly ýaly taslamalar GDA döwletleriniň Ýewraziýa yklymynda söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň möçberlerini we hilini artdyrmak üçin oňat mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, 2017-nji ýylyň oktýabrynda GDA-nyň Soçide geçirilen sammitinde biziň Arkalaşygyň halkara möçberde giň goşulyşmak gatnaşyklaryna çykmagy, ýurtlarymyzyň diňe bir GDA-nyň giňişliginde däl, eýsem, onuň çäklerinden daşynda hem ulag we kommunikasiýa ulgamynda iri düzümleýin taslamalara gatnaşmagy barada ilkinji gezek öňe süren başlangyjymyza gaýdyp gelmek isleýärin.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Elbetde, ynsanperwer ulgam biziň üns merkezimizde bolmalydyr. Medeniýet, ylym, bilim, sport ulgamynda, çagalar we ýaşlar guramalarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlyk — bu geljege maýa goýumlarydyr, biziň ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň arasyndaky dostlugyň, özara düşünişmegiň, hoşmeýilliligiň we ynamyň yzygiderli pugtalandyrylmagynyň kepilidir.

Biz GDA-da emele gelen ynsanperwer hyzmatdaşlygyň usullaryny goldaýarys, Arkalaşygyň ähli ýurtlaryny degişli maksatnamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga çagyrýarys.

Şunuň bilen birlikde biziň döwletlerimiziň bu ugurdaky bilelikdäki işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi zerur hasaplaýarys.

Biziň ýurtlarymyzyň özboluşly, baý we köptaraply medeni mirasyny wagyz etmek barada ozal öňe sürlen pikirleri hem-de teklipleri iş ýüzünde has işjeň durmuşa geçirmegiň wagty ýetdi diýip pikir edýäris.

Şol bir wagtyň özünde medeni-bilim, sport we beýleki ulgamlardaky gatnaşyklara täzeçe garamagy maksadalaýyk hasaplaýarys. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň her ýylky teatr festiwallaryny, ýurtlarymyzyň halklarynyň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergilerini geçirmek mümkinçiligine garamagy teklip edýäris.

Hyzmatdaşlygyň GDA-nyň yzygiderli bilim ýarmarkalary ýaly usulynyň ornaşdyrylmagyny netijeli hasaplaýarys. Şeýle hem Arkalaşygyň sport oýunlaryny yzygiderli geçirmek, şolaryň halkara sport giňişligindäki abraýyny belende galdyrmak ugrunda çykyş edýäris.

Syýahatçylyk taslamalaryny ösdürmek nukdaýnazaryndan GDA giňişliginiň täsindigini göz öňünde tutup hem-de biziň ýurtlarymyzyň syýahatçylyk ulgamynda ägirt uly mümkinçiliklerini nazara almak bilen, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň ýakyn wagtda geçiriljek mejlisleriniň biriniň gün tertibine syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze Konsepsiýasyny işläp taýýarlamak baradaky meseläni girizmek mümkinçiligine garamagy teklip etmegi maksadalaýyk hasaplaýaryn.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Türkmenistan şu mejlise geçilen ýola baha bermek hem-de geljek üçin wezipeleri kesgitlemek nukdaýnazaryndan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň işiniň möhüm tapgyry hökmünde garaýar.

Biziň Arkalaşygymyzyň häzirki halkara hyzmatdaşlygyň binýadynda goýlan maksatlara we esasy ýörelgelere eýerýändigi onuň işiniň möhüm şerti bolup durýar. Men GDA-nyň döredilen gününden bäri geçen ýyllaryň dowamynda gatnaşyjylaryň hoşmeýilli erk-islegine, deňhukuklylyga, özara düşünişmäge we birek-birege hormat goýmaga esaslanan hyzmatdaşlygyň görnüşi hökmünde öz ugruny saklap galandygyny göz öňünde tutýaryn.

Hut şu ýörelgelere eýermegiň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna ýaşaýşa ukyplylygy hem-de çeýeligi üpjün edýändigine, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny we geljegini açýandygyna, GDA-nyň halkara durnuklylyk hem-de howpsuzlyk ulgamynyň möhüm bölegi hökmünde hereket etmegini şertlendirýändigine ynanýaryn.

Arkalaşygyň daşky dünýä bilen gatnaşyklaryny yzygiderli giňeldip, halkara guramalar hem-de köp ýurtlar bilen gatnaşyklary ösdürýändigi hem begendirýär.

Bu netijeleriň ählisini bilelikde gazanylan oňyn netijäniň hataryna goşup bileris. Wagt geçip barýar, ol bizden dünýä syýasatyndaky we ykdysadyýetindäki häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, GDA-nyň işine täzeçe çemeleşmeleri işläp taýýarlamagy talap edýär.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda we geljekde bilelikdäki işimiziň okgunlylygy, düýplüligi, sagdyn pragmatizmi, döwletara hyzmatdaşlygy hem-de ýurtlarymyzyň raýatlarynyň gündelik durmuşynyň meselelerine degişli wezipeleri çözmäge gönükdirilendigi bilen tapawutlanmalydyr. Munuň özi GDA-nyň işiniň netijeli bolmagyna oňyn täsir eder, geljek üçin oňa täze itergi berer.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Geljek ýyl ýurdumyz halkara bileleşik bilen bilelikde Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny ykrar etmeginiň 25 ýyllygyny bellär. Şu geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan öz işjeň orny bilen dürli halkara meseleleri çözmekde Bitaraplygyň ýörelgelerini iş ýüzünde ulanmagyň örän netijelidigini ençeme gezek görkezdi.

Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi köp halatlarda sebit hem-de halkara durnuklylygyny we howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň, köptaraply ykdysady hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm şerti boldy we şeýle bolmagynda galýar.

BMG-niň diplomatik ulgamynda täsirli gurala öwrülmäge ukyply syýasy-hukuk dereje hökmünde Bitaraplygyň artykmaçlyklaryny giňden görkezmek maksady bilen, 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda türkmen bitaraplygynyň şanly senesine bagyşlanan iri halkara çäreleriniň birnäçesi geçiriler.

Şolaryň hatarynda parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş boýunça halkara maslahata möhüm orun berler.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, men Arkalaşygyň ýurtlarynyň ähli döwlet Baştutanlaryny hem-de wekiliýetleriniň ýolbaşçylaryny şol dabaralara gatnaşmaga çagyrýaryn.

Phone: +993 (12) 44-56-92
Fax: +993 (12) 44-58-12
Reception: +993 (12) 44-56-87
Press service: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Ashgabat, Archabil av., 108
Ashgabat, Turkmenistan
© 2024 Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan