icon
Türkmençe
Русский
English
Year 2024 - «Fount of Wisdom
Magtymguly Fragi
»

26 January 2022

2803

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa – Hytaý» Sammitindäki sanly ulgam arkaly çykyşy

Hormatly jenap Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy!

Hormatly Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary!

Siziň Alyhezretleriňiz!

Ilkinji nobatda, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýokary derejedäki duşuşygy çagyrmak başlangyjy bilen çykyş edendigi üçin, Onuň Alyhezreti, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy jenap Si Szinpine minnetdarlyk bildirýärin.

Bu duşuşygyň geçirilmeginiň özi Merkezi Aziýa döwletleri bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklara nähili ähmiýet berilýändigine, biziň dostlugymyzy we hyzmatdaşlygymyzy gyşarnyksyz pugtalandyrmagyň möhümdigine düşünilýändigine şaýatlyk edýär.

Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň halklarynyň gatnaşyklary köp asyrlar bilen ölçenilýär. Şu döwürde hyzmatdaşlyk etmegiň, hoşniýetli goňşuçylygyň, bilimleri, ylymda hem-de medeniýetde gazanylan üstünlikleri alyşmagyň örän uly we özboluşly tejribesi toplandy. Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň çäklerinden tutuş dünýäniň medeni ösüşiniň hem-de ilerlemegiň şertine öwrülen Beýik Ýüpek ýoly geçdi.

Şu ajaýyp mirasa daýanýan taryhy ykballaryň yzygiderliligi Merkezi Aziýa döwletleri Garaşsyzlyga eýe bolan döwründe amala aşyrylyp başlandy. Ol biziň paýtagtlarymyzda ilkinjileriň hatarynda öz diplomatik wekilhanasyny açan Hytaýyň hemmetaraplaýyn goldawyna mynasyp boldy. Hytaý bize halkara giňişlikde ykrar edilmekde uly ýardam berdi. Ilkibaşda we soňra doly bahaly, özara bähbitli, deňhukukly ykdysady hem-de söwda hyzmatdaşlygyny alyp barmakda möhüm ädimleri ätdi.

Häzirki döwürde biziň ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygy ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge netijeli täsir edýär. Ählumumy gün tertibiniň düýpli soraglaryna garaýyşlarymyzyň ýakyndygy ýa-da laýyk gelmegi bu hyzmatdaşlygyň esasynda durýar. Merkezi Aziýa döwletleri Hytaý bilen bilelikde halkara işlerde deňhukuklylyk we adalatlylyk ugrunda çykyş edýär. Özygtyýarly döwletleriň çäkleriniň bitewüligini gürrüňsiz hormatlamagy hem-de işlerine goşulmazlygy talap edip, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak ugrunda göreşýär. Dünýä bileleşiginiň halkara terrorçylyga, ekstremizme, neşeleriň ýaýradylmagyna, täze howplara, şol sanda kiber we biohowplara garşy netijeli göreşmek boýunça görýän çärelerini goldaýar.

Men biziň döwletlerimiziň öz abraýyndan, hyzmatdaşlyk etmegiň ýola goýlan usullaryndan peýdalanyp, halkara işlerde parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň täze gün tertibini ykrar etmäge bilelikde möhüm goşant goşjakdygyna ynanýaryn. Dartgynlylygy gowşatmagyň, dawalary aradan aýyrmagyň, jedelleri we gapma-garşylyklary Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy esasynda gatnaşyklar hem-de gepleşikler ýoly bilen çözmegiň tarapdary diýip hasaplaýaryn.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Biz dünýädäki wakalaryň öňünden kesgitläp bolmaýan ýagdaýa öwrülýändigini, has durnuksyz häsiýete eýe bolýandygyny görýäris. Şeýle şertlerde diňe ynanyşmagy dikeltmek hem-de umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna eýermek emele gelen ýagdaýy düzgünleşdirmäge mümkinçilik berer diýip hasap edýäris.

Aşgabatda 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatda Türkmenistan halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasyny öňe sürdi.

Biz ony «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip atlandyrýarys. Hytaý Halk Respublikasy bilen Merkezi Aziýa döwletlerini bolsa bu filosofiýany halkara durmuşa netijeli ornaşdyrmakda hyzmatdaşlarymyz we pikirdeşlerimiz hasap edýäris.

Bu ugurda birek-biregiň başlangyçlaryny özara goldamak tejribesi ýola goýlan Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki halkara düzümlerde bilelikde işlemegi göz öňünde tutýarys. Merkezi Aziýadaky ýagdaýlara bolsa aýratyn orny degişli edýäris. Bu ýerde biziň ýurtlarymyzyň binýatlyk kadalary hem ýakyndyr: sebitiň ýurtlary we Hytaý Halk Respublikasy Ýer togalagynyň bu böleginde berk howpsuzlyk ulgamyny döretmek ugrunda çykyş edýär.

Şunuň bilen baglylykda, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek sebit gün tertibinde möhüm mesele boldy we bolmagynda galýar.

Biz goňşy döwlet we Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň agzasy hökmünde Hytaýyň geljekde hem Merkezi Aziýa döwletleriniň tagallalaryny goldajakdygyna bil baglaýarys. Sebitiň çaklanýan, öňünden belli bolan we durnukly ösüşi üçin zerur syýasy, ykdysady, durmuş hem-de beýleki şertleri döretmekde ýardam berjekdigine ynanýarys.

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Biziň umumy mümkinçiligimiz, kuwwatly serişde we senagatdyr tehnologiýa binýadymyz ykdysadyýetde hyzmatdaşlyk etmek üçin örän gowy şertleri döredýär. Ýangyç-energetika pudagy şonuň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gazagystanyň we Özbegistanyň çäklerinden geçýän Türkmenistan — Hytaý strategik gaz geçirijisiniň gurlup, 2009-njy ýylyň ahyrynda işe girizilmegi pudagyň öňdebaryjy desgasyna öwrüldi. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy deňhukuklylyga, köptaraply bähbitlere düşünmäge, gaz geçirijiniň hereket edip başlamagy bilen açylan mümkinçilikleriň giň gerimine esaslanýan hakyky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň aýdyň mysaly boldy.

Biz energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň we giňeltmegiň ýoly bilen öňe hereket etmelidiris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan 4-nji turbageçiriji ulgamyny gurmak arkaly türkmen tebigy gazynyň Hytaýa iberilýän möçberlerini artdyrmak meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr.

Özara bähbitleriň bolmagy Merkezi Aziýa ýurtlaryna we Hytaýa ulag ulgamynda hem hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň öňe süren «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» taslamasy Ýewraziýada ykdysady ösüşe güýçli itergi bermäge niýetlendi, häzirki döwrüň ýörelgelerinde Ýuwaş ummandan Atlantik ummana çenli örän uly giňişligi birleşdirip, özara bagly bolan önümçilik we tehnologik ulgamlarydyr senagat halkalaryny emele getirmäge, köp sanly ýaşaýyş-durmuş soraglaryny çözmäge hem-de halklaryň durmuşynyň hilinidir hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirildi.

Men hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň yklymynda geoykdysadyýetiň täze görnüşiniň örän möhüm şerti bolmalydygyna ynanýaryn. Bu zerur ýagdaý bolup durýar we islendik netijeli ideýalardyr strategiýalar we başlangyçlar bähbitleriň hem-de uzak möhletli maksatlaryň utgaşmagy esasynda bir-biriniň üstüni ýetirmäge niýetlenendir.

Şoňa görä-de, «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» taslamasy filosofiýasy we geoykdysady manysy boýunça «Bir guşak — bir ýol» atly ählumumy hytaý taslamasy bilen baglydyr.

Indi bolsa ynsanperwer, bilim we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm bolup durýandygyndan ugur alalyň. Şeýle hem biz ylmy we medeni gatnaşyklarymyzyň ýagdaýyna düýpli baha bermelidiris diýip pikir edýärin. Sebäbi Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň halklary dünýä görnükli alymlary, oýlap tapyjylarydyr akyldarlary berdi. Biz örän baý medeni hem-de ylmy däpleriň mirasdüşerleri we gorap saklaýjylary bolup durýarys. Şoňa görä-de, ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga örän uly özara gyzyklanma bar. Şundan ugur alyp, biz bu gyzyklanmany höweslendirmelidiris. Yzygiderli bolar ýaly, giň medeni we ylmy alyşma işjeň ýardam bermelidiris.

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna hem-de ýaramaz netijelerine garşy bilelikde göreşmek häzirlikçe möhüm wezipe bolmagynda galýar.

Bütin dünýä üçin şeýle kynçylykly döwürde Merkezi Aziýa ýurtlary we Hytaý raýdaşlygyň, özara kömek bermegiň ajaýyp nusgasyny görkezdi. Munuň özi bu ugurda toplanan tejribäni alyşmak üçin hünärmenleriň köp sanly onlaýn duşuşyklaryny guramakda hem, ilata sanjym geçirilende hem ýüze çykdy. Biziň ýurtlarymyzyň sebitiň beýleki döwletleriniň çäginde galan raýatlaryna özara goldaw bermekde, zerur bolan ýükleriň daşalmagynda hem aýdyň boldy.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň pandemiýa garşy göreşmek boýunça halkara hyzmatdaşlyga umumy kadalardan ugur alyp çemeleşendigini hem aýratyn bellemek isleýärin. Gürrüň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň dowamynda koronawirus keseline garşy göreşde ählumumy raýdaşlyk hakynda kabul edilen Rezolýusiýany biziň ýurtlarymyzyň goldandygy barada barýar. Biziň döwletlerimiz pandemiýa garşy ählumumy göreşde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň öňdebaryjy ornuny tassyklaýar we onuň syýasylaşdyrylmagyna garşy çykyş edýär.

Koronawirus ýokanjynyň gelip çykyşyny öwrenmekde dünýäniň ähli ylmy güýjüni birleşdirmegiň zerurdygy bu ählumumy howpa garşy üstünlikli göreşmegiň örän möhüm şertlerinden biri bolup durýar.

Biz Merkezi Aziýa — Hytaý görnüşinde ýurtlarymyzyň ylmy-lukmançylyk birleşikleriniň, epidemiologiýa we sanitariýa gulluklarynyň, beýleki ugurdaş edaralaryň wekilleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklary guramagyň usulyny döretmäge ýakyn wagtda girişeris diýip pikir edýäris. Ilkinji şeýle duşuşygy şu ýyl geçirmegi teklip edýäris.

Koronawirus ýokanjyny doly ýeňip geçmegiň zerur şerti hökmünde sanjym geçirmek barada aýdylanda bolsa, biz hytaý tarapy bilen bu ugurda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynanýarys.

Hormatly Başlyk Si Szinpin!

Örän ýakyn wagtda Hytaý Gyşky Olimpiýa oýunlaryny geçirer. Bu oýunlaryň örän ýokary derejede geçiriljekdigine, bütin dünýäniň millionlarça adamlary üçin hakyky sport, parahatçylyk we dostluk baýramyna öwrüljekdigine ynanýaryn. Men hytaýly dostlarymyza bu Olimpiýa oýunlaryny geçirmekde uly üstünlikleri arzuw edýärin, ähli hytaý halkyny bolsa bu uly waka bilen gutlaýaryn.

Hormatly ýolbaşçylar!

Gadyrly dostlar!

Şu ýyl Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň nyşany astynda geçer. Bu döwür döretmegiň, bilelikde gazanylan üstünlikleriň, ähli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň döwri boldy. Strategik ösüş wezipeleriniň umumydygyna düşünmegiň, halklarymyzyň dostluk, hoşniýetlilik we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň zamanyna öwrüldi.

Biz anyk maksatlar arkaly aýdyň ýollar bilen bilelikde ynamly öňe barýarys. Birek-birege kömek we goldaw berip, beýik taryhy mirasymyza daýanyp hem-de dünýä gurluşynyň häzirki meýillerine göz ýetirip, täze belentliklere tarap gadam urýarys. Häzirki döwürde biziň gatnaşyklarymyz bozulmaz we synmazdyr. Men onuň hemişe şeýle boljakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy, hormatly Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary, sizi we siziň üstüňiz bilen doganlyk halklary şu şanly ýubileý bilen gutlaýaryn!

Siziň ähliňize berk jan saglyk, parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

Phone: +993 (12) 44-56-92
Fax: +993 (12) 44-58-12
Reception: +993 (12) 44-56-87
Press service: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Ashgabat, Archabil av., 108
Ashgabat, Turkmenistan
© 2024 Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan